Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir güni taryhy ähmiýeti bolan wakalara beslenýär. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr.
«Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede ýer astyndaky 4412 – 4136 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kubmetr bolan täze tebigy gaz akymynyň alynmagy şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden energetika syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gorlary boýunça «supergigant» dereje berilýän «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmeleriniň birine öwrüldi.
Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň halkara giňişliginde kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ygtybarly strategiýa durmuşa geçirilýär.
Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportuny köpugurly esasda ösdürmäge, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Şunda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine zerur üns berilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürilýändigini bellemeli. «Galkynyş» gaz käniniň 285 belgili ulanyş guýusynda degişli çuňluklardan tebigy gazyň akymynyň alnyp başlanmagy pudagyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir. Bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr çykymy bolan guýunyň önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan känleriň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýandygyny görkezýär.
Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan netijeli işler we gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işi guramagyň täzeçil usullary netijeli ulanylýar. Bu bolsa pudagyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
Bu ugurda gazanylýan üstünliklerde gaz pudagynda netijeli zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň hem goşandynyň bolandygyny bellemek ýakymly. Gaz guýularyny burawlamakda, olaryň gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmekde häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanyldy. Munuň özi ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod kuwwaty we onuň mümkinçilikleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.
Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde gaz guýularyny burawlamak, olary ulanylyşa girizmek ugrunda dünýäniň ösen tejribesiniň ulanylmagy, pudagyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde alnyp barylýan işleriň depginleri ýokarlanýar we olaryň hili ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriniň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri halkara maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Ýurdumyzyň öz işine berlen ussat gazçylary guýulary burawlamak hem-de olary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede önümçilige girizmek ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadygymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Şeýle hem degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan gazçylar kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.