Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan innowasiýalar we özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilikli başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan Bitaraplyk syýasatymyz durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýyl ýurdumyz üçin taryhy senä — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ugruny we mazmunyny kesgitleýän, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bu hukuk derejesi döwletimiziň içerki ösüşine, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda dünýäde ähmiýeti barha artýan bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan kuwwatyň berkidilmegi, bilimleri döretmäge hem-de özgertmäge ukyplylyk, adam maýasynyň ösdürilmegi, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň meýilnamalaýyn esasda alyp barýan bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim işine halkara standartlaryň ornaşdyrylmagyna, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.
Bu günki gün döwrüň talaplaryndan ugur alyp, bilim işi we ylmy usulyýetler, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirilýär. Degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli berkidilip, ugurdaş edaralaryň hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Interaktiw we uzak aralykdan okatmagyň usullaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Ýaş nesliň watançylyk, zähmetsöýerlik, milli ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Şunda bilim işgärleriniň taýýarlanylmagy, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy hem ileri tutulýan ugurdyr.
Her ýyl bilim ulgamynyň ösdürilmegine köp möçberde serişdeler gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze toplumlary gurulýar. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Bilim edaralary kompýuterler, multimedia we beýleki zerur enjamlar, okuw esbaplary bilen üpjün edilip, internete birikdirilendir. Elektron kitaphana çeşmeleri hem ýaşlaryň ygtyýaryndadyr. Durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde umumybilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna binýatlaýyn hem-de ugurdaş dersler bilen bir hatarda, täze ugurlar hem goşulýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärler girizilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklarynda okamaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Häzirki wagtda Diýarymyzda takyk, tebigy we ynsanperwer bilimleri hem-de daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşen birnäçe mekdepler hereket edýär. Türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilip, kabul edilen döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda, strategiýalarynda, kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen, mugallymlar, ata-eneler we okuwçylar üçin niýetlenen «eMekdep» bitewi elektron platformasy hem milli bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmekde möhüm goşant boldy. Bu merkez dürli ugurlarda hödürleýän hyzmatlarynyň çäklerinde okaýanlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan dürli okuw sapaklaryny-da guraýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde-de sanly ulgam arkaly okatmak işi işjeň ösdürilýär. Olaryň resmi web saýtlarynda bilim ojagynyň düzümi, maksatnamalary, fakultetler we hünärler barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä eýe boldy. Bu düzümler bilen bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Dünýäniň bilim edaralaryny parahatçylyk döredijilik, ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetara dialogy netijeli ösdürmek ýaly umumy maksatlaryň daşyna birleşdirýän ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň girizilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle-de aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerimizde ÝUNESKO kafedralary we klublary döredildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-siniň “UI GreenMetric World University Rankings” halkara reýtinginiň 2023-nji ýylda çap edilen sanawyna girizilendigini hem bellemek gerek. Bu reýting uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany kämilleşdirmek boýunça tagallalaryna we olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýokary bilim ojaklarymyzyň birnäçesi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Thе World University Rankings — 2024» reýtingine habarçy agza hökmünde goşuldy. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty dünýäniň bu ugra ýöriteleşen iri ýokary okuw mekdepleriniň 60-dan gowragyny özüne birleşdirýän Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.
Bilim-ylym ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, talyplary we mugallymlary alyşmak meseleleri, umuman, ýaşlar mowzugy hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäginde guralýan duşuşyklaryň, Hökümet hem-de pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine-de girizilýär. Gazanylan ylalaşyklar bolsa degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi bilen berkidilýär.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders olimpiadalaryna, bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, ajaýyp netijeleri görkezýärler. Soňky ýyllarda Türkmenistan hem şeýle bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olara ýaş türkmenistanlylar bilen bir hatarda, dünýäniň dürli döwletlerinden okuwçylardyr talyplaryň gatnaşmagy ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan daşary döwletlerde gurlan döwrebap bilim edaralary hem Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, döwletara gatnaşyklarda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan sebiti bolan Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda 190 okuwça niýetlenen Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berildi. 540 okuwça niýetlenen bilim ojagynyň açylyş dabarasyna Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Milli ylym ulgamy hem soňky ýyllarda kuwwatly ösüşe eýe boldy. Hemmetaraplaýyn döwlet goldawy esasynda binýatlaýyn nazary we amaly ylmy barlaglaryň gerimi giňeldilip, alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, ugurdaş düzümler döwrebaplaşdyrylýar. Daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri, umumylykda ylmy jemgyýetçilik bilen halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara arabaglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesi berildi. Bu çözgüt alymlara we inženerlere daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ugurdaş düzümleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň intellektual we ylmy-tehniki kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, bäsdeşlige ukyplylygynyň, milli ylym ulgamynyň ösdürilmegini, şol sanda innowasiýalarda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, senagat toplumynda, kiçi we orta telekeçilik babatda geljegi uly işläp taýýarlamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge amatly şertleri döredýär.
Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, döredijilikli pikirli alymlaryň täze neslini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Innowasion ykdysadyýet ulgamynda aspiranturalaryň we doktoranturalaryň döredilmegi babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Gatnaşýanlaryň sanynyň her ýyl artmagy ony abraýly we iri aň-paýhas bäsleşigine öwürýär. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününde geçirilýär. Bu ugurdaky degişli işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýardam bermeginde ylmy-taslama bäsleşikleriniň, forumlaryň, “tegelek stol” duşuşyklarynyň, okuw maslahatlarynyň, festiwallaryň, sergileriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýaşlar syýasaty meselesi Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Resminamada bellenilişi ýaly, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek ýurdumyzyň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde alyp barjak işleriniň bir ugrudyr. Türkmenistanyň bu meseleler babatda çemeleşmesi ÝUNESKO, ÝUNISEF ýaly ynsanperwer ugurly düzümler bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga esaslanýar. Konsepsiýada ýurdumyzda şu ýylda geçiriljek çärelere hem üns berilýär. “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly ýaşlaryň halkara bäsleşigi, talyplar üçin ylmy bäsleşiklerdir maslahatlar, halkara gatnaşyklar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky wideoşekilli maslahatlar, ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ugry boýunça okuw maslahatlary şolaryň hataryndadyr. Mundan başga-da, ýaşlaryň parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen, maglumat-bilim işiniň çäklerinde umumy, amaly hem-de interaktiw sapaklary guramak, jemgyýetçilik torlaryndan, sanly diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak teklip edilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzir dowam edýän 79-njy sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär. Ýeri gelende nygtasak, bu dialog Türkmenistanyň başlangyjy bilen guralan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumynyň çäginde döredildi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan guralan şol forum 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirilipdi.
Watanymyzyň okgunly innowasion ösüşiniň ajaýyp nyşany bolan döwrebap Arkadag şäherini “geljegiň şäheri” diýip atlandyrmaga doly esas bar. Şäheriň ähli durmuş ulgamlary öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazanylanlar, emeli aň tehnologiýalary boýunça işläp taýýarlamalar, ýokary ekologik ölçegleri bilen utgaşdyrylandyr. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” atly halkara sergide Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly üç sany sylaga mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu ajaýyp şäher başga-da birnäçe halkara güwänamalardyr diplomlar bilen sylaglanyldy.
Häzirki wagtda Arkadag şäheri döwrebap bilim we ylmy merkez hökmünde hem öz ornuny barha berkidýär. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, şeýle hem birnäçe ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary hereket edýär. “Akylly” şäheriň gurluşyk taslamalaryny taýýarlamak işine ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigi bellärliklidir.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmaga esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Munuň özi ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertidir.