Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlary geçen aýyň dowamynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen syýasy geňeşmelerde, köp sanly duşuşyklarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki işewürlik gepleşiklerinde, ugurdaş sergilerde, maslahatlarda, medeni çärelerde hem aýdyň beýanyny tapdy.
3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda pudaklarynda işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
4-nji martda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen geçirilen duşuşykda ÝB bilen özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň, parlamentara dialogyň, adam hukuklary boýunça dialogyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
5-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransis Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda bu iri halkara maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy.
6-njy martda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hem-de beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada 11 sany resminama gol çekmek dabarasy boldy.
7-nji martda Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň daşary işler ministri hanym Maka Boçorişwili bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde işjeň ösdürilýändigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
10-njy martda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
10-njy martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalar bilen bilelikde gurajak çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
11-nji martda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen geçirilen duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň hem-de GDA-nyň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi bellenildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Şensi welaýatynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpin bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
12-nji martda ýurdumyza sapar bilen gelen halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
12-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Birjit Bişof Ebbesen bilen geçirilen duşuşykda bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine üns çekildi.
13-nji martda Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmaga, bu ugurda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, milli derejede wehimleriň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamaga gönükdirilendir.
15-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyz bilen bu gaznanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
16-njy martda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparynyň dowamynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani we Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani bilen duşuşyklar geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
17 — 19-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal daşary işler departamentiniň döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň başlygy Mýuriel Peneweýre, Ykdysady meseleler boýunça döwlet sekretariatynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygy Andrea Rober Sakser, Federal daşary işler departamentiniň döwlet sekretary Aleksandr Fasel bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda dürli ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, maýa goýum, ylym-bilim ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, şeýle hem özara tejribe alyşmagyň, hususy pudagyň ösüşinde innowasion çözgütleri ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligine üns çekildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çakylyk gowşuryldy.
18-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda sergi-ýarmarka işleri babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň gerimli döwletara dialogy ösdürmekde, ony hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm orny bellenildi.
19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri kanagatlanma bilen bellenildi.
20-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Ruduň arasynda geçirilen duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşyk geçirildi. Onda gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň bu düzümiň agzalygyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdylar.
21-nji martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara ähmiýetli taryhy waka boldy.
25-nji martda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen geçirilen duşuşykda reproduktiw we enäniň saglygyny gowulandyrmak, gender deňligi, demografiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, gender kadalaryny ilerletmek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
26-njy martda Riga şäherinde türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara düzümleriň, hususan-da, ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.
27-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň gatnaşmagynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Mundan başga-da, ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly çäre hem guraldy.
28-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine üns çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Estoniýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen syýasy geňeşmelerde türkmen-eston gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory hem-de “E-Estonia” sanlylaşdyryş merkeziniň geňeşçisi bilen duşuşdy.
29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu çäre halkara jemgyýetçiligi ynsanperwer gymmatlyklaryň daşynda birleşdirmek babatda möhüm ädim boldy. Forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko, Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili, Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa, Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze, Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda dürli ugurlarda, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigi bellenildi.
Şeýlelikde, mart aýynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen köp sanly çärelerdir duşuşyklar döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.