Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Jemgyýet
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 12.04.2025
123

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi.

Kabul edilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalary milli Parlamentiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy. 

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Çykyş edenler kanun taslamasynyň «Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek hem-de milli kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini halkara tejribesini göz öňünde tutup kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanandygyny bellediler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ýurdumyzda kazyýet dolandyryşyny amala aşyrýan kazylaryň işiniň guramaçylyk-hukuk binýadyny, kazylary wezipä bellemegiň we ondan boşatmagyň tertibini hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýändigi barada aýdyp geçdiler. 

Kazyýet kanunçylygynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, çuň pikirlenip bilýän, giň düşünjeli, zerur hünär endiklerine eýe bolan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Sebäbi kazylaryň wezipe ygtyýarlyklaryny jogapkärli ýerine ýetirmeginiň netijeliligi köp babatda işgärleriň hünär derejesine bagly bolup durýar. 

Taslamada «Maşgala işleri boýunça kazylar» atly täze bölüm goşmak göz öňünde tutulýar. Maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetliligiň ähmiýetini ýokarlandyrmak, maşgala işleri boýunça adyl kazyýetliligiň we kazyýet önümçiligiň ýokary hünär ussatlygy şertlerinde amala aşyrylmagyny gazanmak we maşgalanyň jebisliginiň kepilliklerini berkitmek maksady bilen kazyýetleriň kazylarynyň umumy sanynyň çäginde etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde maşgala işleri boýunça kazynyň wezipesini, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň gurluş düzümine «Maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýalaryny» girizmek göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem taslamada maşgala işleri boýunça kazy wezipesiniň girizilmeginiň şertleri, kazynyň borçlary we ygtyýarlyklary, onuň bolmadyk ýagdaýynda wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň tertibi, maşgala işleri boýunça kazy wezipesine dalaşgärlige bildirilýän talaplar, kazyýetleriň Prezidiumynyň döredilmeginiň tertibi, kazylaryň we kazyýet edaralarynyň işgärleriniň zähmet hem-de durmuş goraglylygynyň kepillikleriniň ýokarlandyrylmagy, adyl kazyýetligiň nyşanlary, kazyýetleriň işiniň maliýeleşdirilmegi, kömekçi hojalygy üçin bölünip berlen ýerlerde hojalyk işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde alnan girdejileriň bellenen tertipde peýdalanylmagy bilen bagly kadalary kesgitlemek göz öňünde tutulýar. 

Soňra deputatlar «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Deňizde gämileriň we eýeçiligiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde Londonda bu halkara konwensiýa kabul edildi. 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda şol şäherde degişli konwensiýanyň Teswirnamasyna gol çekilmegi bolsa, bu maksada ýetmekde möhüm ädim boldy.

Nygtalyşy ýaly, degişli Teswirnama gatnaşýan taraplar şu Teswirnamada gozgalýan dürli meseleler boýunça çap edilen kanunlaryň, kararlaryň, buýruklaryň, düzgünleriň we beýleki resminamalaryň ýazmaça nusgalaryny Halkara deňiz guramasynyň Baş sekretarynda saklanylmagy üçin ýollamaga hem-de tabşyrmaga borçlanýar. 

 «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, adalatçynyň Mejlisiň deputatlarynyň öňünde ýyllyk maglumat bilen çykyş etmegi bellenilendir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Ý.Gurbannazarowa çykyş edip, käbir maglumatlary deputatlaryň dykgatyna ýetirdi. 

Şeýle hem Mejlisiň deputatlary «Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, ýubileý medaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary; ylmy barlaglary; ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri; ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary; Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

Bu Kanuna goşmaçanyň girizilmegi bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we gullukçylarynyň geýim lybaslarynda ady agzalan medalyň dakylyş düzgünleri tertipleşdirildi. 

Soňra «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň taslamasyna seredildi. Bu Kanun taslamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksi, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Raýat iş ýörediş kodeksi, şeýle hem «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirildi. 

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy maslahatlaşylanda çykyş edenler bu Kanunyň administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini kesgitleýändigini, onuň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň hem-de kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtadylar. 

Bu Kanunyň taslamasy ýüz tutma seredilmezden öň, ýüz tutýan şahsyň ony yzyna almagyny düzgünleşdirmek arkaly administratiw önümçiliginiň kadalaryny kämilleşdirýär, şeýle hem administratiw önümçiligi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi, zähmet gatnaşyklary, kazyýet ýerine ýetirijileriniň işi, şeýle hem, administratiw hukuk bozulmalary, jenaýat, raýat, arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen seretmek tertibi bellenilen ýüz tutmalar bilen bagly bolmadyk ýüz tutmalaryň kabul edilmegini, hasaba alynmagyny, seredilmegini hem-de saklanylmagyny guramak boýunça işleri ýöretmegiň düzgünlerini tassyklamagy göz öňünde tutýar. 

Milli Parlamentiň deputatlary şeýle hem awtomobil ulagynyň hereketiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny – howpsuzlygyny, adamyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygyny, daşky gurşawyň goraglylygyny, awtomobil ulagynyň hyzmatlaryndan peýdalanylanda ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny kesgitleýän «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna seretdiler. Taslama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi awtomobil ulagy ulgamynda döwlet gözegçiligini we dolandyryşyny amala aşyrýan edara hökmünde kesgitlenilýär. 

Maslahatda şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistanda migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, maglumat tehnologiýalaryň howpsuz düzümlerini döretmek, sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmak ýurdumyzyň milli maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda maglumatlary hasaba almak, gaýtadan işlemek we saklamak üçin maglumat ulgamlary döredilýär hem-de olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. 

Şunuň bilen baglylykda kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama – elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.

Nygtalyşy ýaly, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň Türkmenistanyň Esasy Kanunyna laýyklykda kämilleşdirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de ugurdaş düzümleriň işlerini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. 

Maslahatda bulardan başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. 

Milli Parlamentiň deputatlary kabul edilen resminamalaryň Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, uzak möhletleýin geljekde Watanymyzyň ösüşi we abadançylygy üçin ygtybarly binýady üpjün etjekdigine hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky iri durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginde örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan we tabşyryklaryndan ugur alyp, kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirmek hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

Şeýle hem ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Ýaponiýa ugrady
12.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
12.04
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
11.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.04
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
10.04
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek — Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
09.04
2025-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
09.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
09.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
top-arrow