Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
Jemgyýet
Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
Çap edildi 27.02.2025
103

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG-niň jogapkärli strategik hyzmatdaşy hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy. Şu ýyl iki şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy baýram edilýär. Muňa ýurdumyz halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek üçin örän möhüm döwür hökmünde garaýar. Türkmenistanyň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki tagallalary bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi, çagalygy goldamak, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň bu meselelere çemeleşmesi ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, BMG-niň Çagalar gaznasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, döwletimiziň medeni, bilim, ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna we beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmak bilen, olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň arasyndan täsin taryhy desgalaryň birnäçesiniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda bolsa paýtagtymyz Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy.

2023-nji ýylyň fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek, halkymyzyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýe boldy. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary döredildi. Şeýle-de ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň dabaralanýandygynyň, ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir mysalydyr. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär, sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini amala aşyrmak ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy-da Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň, bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegine, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge goşýan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi. Munuň özi medeni hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdi hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň ýadygärliklerini bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

2024-nji ýylyň martynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlanan resminamalar bu gurama iberildi. Ýurdumyzyň teklibi esasynda çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin Täjigistan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde taýýarlanan köptaraplaýyn hödürnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny açmak üçin taýýarlanylan resminama bu guramanyň Sekretariatyna tabşyryldy. Şeýle hem «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde «Türkmenistan — ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!» atly monografiýa taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsi boldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 27-nji martynda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.

Döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda-da halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini bellemek gerek. Munuň şeýledigine bu ugurda dürli ýurtlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Aýawly saklanylýan milli mirasymyz, köp sanly arheologik ýadygärlikler, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalary ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orny eýelemäge hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan gadymy Amul galasyna dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, alnan maglumatlary giňden wagyz etmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli bolan bu ýygyndy 80-den gowrak diwandan — beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysyndan ybaratdyr. Olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynyň ýörite bukjalarynda saklanylýar. Olarda türkmen halkynyň we Gündogar edebiýatynyň dilden aýdylýan şygryýet däpleri öz beýanyny tapýar. ÝUNESKO şahyryň bu ýygynda girizilen goşgularyny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dünýäniň halklarynyň hem ýazuw mirasynyň seýrek nusgasy hökmünde ykrar etdi.

Şol mejlisde Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bu guramanyň şanly seneleriniň sanawyna goşmak hakyndaky başlangyçlary makullanyldy. Munuň özi beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda, şol sanda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

ÝUNESKO-nyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitimiziň gaýtalanmajak medeni özboluşlylygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary esasynda «Biziň mirasymyz» atly sebitleýin taslamany işläp taýýarlamak teklip edildi. Köptaraplaýyn görnüşde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejelemek we öwrenmek babatda tejribeleri alyşmak, ÝUNESKO-nyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň dürli halkara sanawlaryna goşmak üçin bilelikdäki taslamalary ilerletmek bu maksatnamanyň wezipesi bolar.

Türki halklaryň maddy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, ösdürmek, geljek nesillere ýetirmek babatda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli gatnaşyklar hem taryhy umumylyklary, ruhy gymmatlyklary bilen özara baglanyşýan halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, oňyn hyzmatdaşlygyň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlary köpasyrlyk umumy medeniýetiň aýawly saklanmagy ugrunda, şeýle hem sebitleriň, ýurtlaryň, tutuş adamzadyň bähbidine möhüm işleri durmuşa geçirýärler. 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabatda milli toparlaryň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Onuň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden, milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy.

2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala getiren milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky mysaly boldy. Ýurdumyzyň öňe süren teklibi bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, gadymy mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek daşary syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolupdyr. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde-de tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa şaýatlyk edýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda-da Beýik Ýüpek ýoly we onuň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlaryň bardygyny nygtamak gerek. Onda ata-babalarymyzyň uzakda ýerleşýän ýurtlar bilen söwda gatnaşyklarynyň örän gadymy döwürleri öz içine alýandygy baradaky maglumatlara üns çekilýär. Milli Liderimiz hut şol döwürlerde, ýagny Goňurdepe eýýamynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalaryna öwrülen kerwen ýollarynyň döräp başlandygyny belleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň mazmunyna siňen baý taryhymyz we halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgeleri bize goňşularymyz, alys ýurtlardaky dostlarymyz bilen gatnaşyklary barha çuňlaşdyrmaga esas döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem gadymy döwürlerde ýaşan halklaryň durmuşynda Beýik Ýüpek ýolunyň eýelän möhüm ornuny tassyklaýan taryhy maglumatlar beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň beýik medeni mirasyny we taryhyny düýpli öwrenmegiň wajypdygy bellenilýär.

Soňky habarlar
27.02
Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
27.02
Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmekde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
27.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
26.02
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
26.02
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
25.02
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
24.02
Ö.A.Goşjanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow