Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 09.07.2024
749

Ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän giňdir. Bu babatda ýyl-ýyldan täze, geljegi uly ugurlar ýüze çykýar. Geçen hepdede BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran sapary munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

6-njy iýulda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmegiň, döwletimiz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, Owganystandaky ýagdaý, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler, umuman, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gün tertibiniň durnukly ulag, energetika howpsuzlygy, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Munuň özi uzak möhletli häsiýete eýedir we yzygiderli esasda durmuşa geçirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we beýleki köp ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Antoniu Guterrişiň köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berip, ýurdumyzda beýik söz ussadynyň hormatyna döredilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen ilkinji gezek Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini hem-de bu babatda degişli Permana gol çekendigini aýtdy we oňa bu medal dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Saparynyň dowamynda Baş sekretar Antoniu Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp gördi. Ol merkeziň işine ýokary baha berip, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol başlangyçlar sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Belent mertebeli myhman saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna baryp gördi we şol ýerde guramanyň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň işgärleri bilen duşuşdy, şeýle hem bu düzümiň wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasyna berildi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy BMG-niň alyp barýan işlerine berilýän hemmetaraplaýyn kömek we goldaw üçin döwlet Baştutanymyza, ýurdumyzyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ikiçäk we giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň BMG-niň işine ýokary baha berýändigini belläp, BMG-niň ýurdumyzda işleýän we dürli ulgamlarda wajyp taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirýän ýöriteleşdirilen düzümleridir institutlary bilen gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine, özara düşünişmäge, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklaryň binýady hökmünde döwletleriňdir halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlaryň ýakynlygy bilen şertlendirilendir.

BMG biziň ýurdumyz üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Türkmenistan bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýar. Şunda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylyşyna syn bermek işinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Ykdysady we Durmuş geňeşiniň utgaşdyryjy ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumlaryň yzygiderli geçirilmegini goldaýandygy nygtaldy. Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde ýokary baha berdi. Bu saparyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, bütin dünýäniň halklarynyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirildi.

Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Myhman gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy häsiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitinde-de Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary öňe sürmegine garaşýandygyny nygtady.

Geçen hepdäniň wakalaryna syn bermek bilen, 1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz galla oragyny gysga wagtda tamamlamagyň we ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almagyň, ony kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamagyň, talabalaýyk derejede saklamagyň, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, bu işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň, olary öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna üns çekildi.

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Milli hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletimiziň býujet ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy barada maglumat berildi. Hökümet mejlisiniň gün tertibine ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gaz üpjünçilik ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak, goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylda Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleri üçin berk binýadyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, maliýeleşdirmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem Ýewropa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda teklipler beýan edildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

1-nji iýulda Mejlisde Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç haty kabul edildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. 1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de, Eýran Yslam Respublikasyna tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr bolan täze gaz geçirijini çekmek we gaz gysyjy desgalaryň 3-sini gurmak işleri ýerine ýetiriler. Munuň özi Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugry we «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen, Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada Metbugat habarnamasyna gol çekildi.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi.

4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýadygärligiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda türkmen we gazak halklaryny köpasyrlyk taryhy ýakynlygyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» görnüşindäki mejlisi boldy. Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň, guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy.

Milli Liderimiz sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelýär, ol sebit işleriniň barşyna hem-de ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar hem-de döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Gahryman Arkadagymyz ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürüldi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda özara ykdysady bähbitleriň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýandygyny belledi. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdelere we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar. Söwda, senagat kooperasiýasy, oba hojalyk ulgamy, «ýaşyl» gün tertibi, maglumat tehnologiýalary ulgamy ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka, sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar. Türkmenistan ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şol gün Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny asyrlaryň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk däpleriniň düzýändigini nygtap, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Astanada gazak kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olarda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar pudaklarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk döredijilik, ykdysady, ruhy kuwwatyny türkmen halkynyň, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
12.10
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
12.10
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
12.10
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
12.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy
11.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak akynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali ZARDARINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç PUTINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
top-arrow