Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 02.08.2025
3713

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2025-nji ýyldaky 7-nji sany iýul aýynyň ahyrynda okyjylara hödürlendi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty we ajaýyp Awaza dabarasy ýaşlar neşiriniň täze sanynda öz beýanyny tapýar. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen goşgy we makala bu aýdanlarymyzyň mysalydyr. Neşiriň bu sanyndaky iňlis dilinde taýýarlanylan makalalaryň biri hem halkara foruma bagyşlanypdyr.

Täze okuw ýylynyň ýakynlaşýan günlerinde okyjylara ýetirilen neşiriň bu sanynda degişli temada makala ýerleşdirildi. Şol makalada täze okuw ýylynyň ruhy we giriş synaglary öz beýanyny tapýar.

Ýaş okyjylar neşiriň bu sanynda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşlerine bagyşlanan iňlis dilindäki makalany, türkmen dutarynyň gymmaty we ahalteke bedewlerimiziň taryhy orny baradaky täsirli çykyşlary hem okap bilerler. Neşir bu sanynda ýaş alymlaryň käbiriniň aýry-aýry makalalaryny hem paýlaşýar. Olarda gozgalýan ylmy meseleleriň derwaýyslygy okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Neşiriň täze sanynda ýerleşdirilen goşgular okyjylary duýgular dünýäsine syýahata alyp gidýär. Okyjylar Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan ýene bir bölegi okap bilerler. Dünýäniň iň owadan howa menzilleri baradaky makalany okap, bir demde jahana seýran edersiňiz. Täsirli täleýnama, tomus bilen bagly makalalar toplumy, miweli doňdurmanyň taýýarlanylyşy barada maglumat neşiriň ilkinji sahypalaryndan ahyrky bölümlerine çenli täsirini ýitirmezligini üpjün edýär.

Däp bolşy ýaly, ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» atly bäsleşigiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrylýar. Neşir ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş etmek üçin resminamalaryň kabul edilýändigini hem ýatladýar.

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow