Şu gün Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şähere amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag desgasynyň açylyş dabarasy şatlykly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Ir säher bilen baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap köpriniň ýanyna köp sanly adamlar ýygnandylar. Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edilen bu köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre barabardyr. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sogap işleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam eden dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli wakalara, uly zähmet üstünliklerine beslenýändigi bellenildi. Çykyş edenler Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň ähli görkezijiler babatda häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigine ünsi çekdiler.
Asudalygyň aýdyň nyşany bolan ak kepderileriň we howa şarlarynyň asmana uçurylmagy bilen, döwrebap köpriniň toý bagy kesildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli täze desga açyldy.
Häzirki wagtda şaýollaryň, köprüleriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda sogap işleriň dabaralanýandygyny görkezýär. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Döwrebap köpri bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplary esasynda Keýmir kör şaýoly hem guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklaryň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäherde ýene bir bagtyýar maşgalanyň dörändigini alamatlandyrýan gelnalyjy kerweni nurana ýollara rowana boldy. Bu bolsa Diýarymyzda ýagşy işleriň dowamata atarylýandygyny, olaryň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrdy. Belent ruha beslenen aýdym-sazlar, joşgunly tanslar bu ýerde guralýan dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.
Döwrebap desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar täze ýollarda herekete başlan ulaglary ýagşy arzuwlar bilen ak ýollara atardylar. Olar häzirki döwürde ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýeti bolan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Şol pursatlarda Gökdepe şaýolunyň ugrunda açylan täze köpriniň ýollary bilen geçip barýan bezegli ulaglar Arkadag şäherinde täze bäbegiň dünýä inendigini äşgär etdi. Şanly wakanyň dabaralandyrylýan wagtynda Arkadag şäherindäki häzirki zaman saglyk merkezinde täze dünýä inen bäbek mähirli garşylanyldy. Bu wakalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, nesilleriň sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladalaryň miwesidir.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň hemmesi agzybirlikde nurana şaýollar bilen Arkadag şäherine tarap ugradylar. Ýolugra medeni-köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Bagşylaryň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspyny ýetirdi. Ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapdy.
Şaýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu desgalaryň Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi gurluşykçy telekeçileriň öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyplydyklaryny we olaryň bu ugurdan baý tejribe toplandyklaryny görkezýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli işlemekleri ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän täze ulag-logistika desgalarynyň açylmagy bu künjekde ýol-ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün eder. Şeýle hem ýollaryň ugrunda sürüjilerdir ýolagçylar üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ugurlarda ägirt uly ösüşleriň gazanylýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
***
Täze ýol-ulag desgasynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman görkezijilere laýyk derejede guralmagy, olarda täzeçil tehnologiýalaryň we döwrebap usullaryň ulanylmagy bu künjegiň gijeki görnüşleriniň has-da gözel bolmagyny şertlendirýär. Älemgoşar öwüşginli yşyklar Arkadag şäheriniň nurana agşamlarynda ähli ajaýyplyklary bilen ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi taslama taýýarlaýjylaryň we gurluşykçylaryň sazlaşykly işiniň aýdyň netijesidir.
Diýarymyzda gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.