Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan beýik geljege tarap ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan beýik geljege tarap ynamly öňe barýar
Çap edildi 26.06.2024
879

Geçen hepde ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleri alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilip geçildi we beýleki möhüm wakalara baý boldy. Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde özboluşly milli däp-dessurlaryna ygrarlylyk bilen ynamly öňe barýar.

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli meseleler girizildi. Hususan-da, Mejlis tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek — Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýygnalan hasyly döwlet harmanyna tabşyrmak, tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsini, esasan-da, ösümlikleriň, haýwanlaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerini gorap saklamak boýunça görülýän çäreler hakynda-da aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiligini ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda batly ösüş depginini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe teklipler hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek, ony şu ýylyň 1-nji iýulyndan synag esasynda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly döwrebap desgalaryň sanynyň artmagy bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine liftleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhanany döretmek boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. 25-nji iýunda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullady. Bu desgany “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar. Milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşinde ylmyň tutýan ornunyň has-da ýokarlanýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti «Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunda ýerli hünärmenler tarapyndan degişli uçarlarda barlag-gözden geçiriş işleriniň ýola goýulmagyny gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan birnäçe tekliplere garaldy. Türkmenistan bu düzümler bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi. Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemek teklip edildi.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen 79-njy mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamada göz öňüne tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň, komissiýa agza döwletleriň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy guramak, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa Aşgabat şäherinde Aral deňziniň sebitinde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirmek teklip edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň 2022-nji ýylda goşulan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini agza hökmünde hödürlemek maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz beýan edilen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz guramanyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony 60 ýaş toýy mynasybetli gutladylar. Döwlet Baştutanymyz kosmonawtyň dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. Öz nobatynda, Halk Maslahatynyň Başlygy Kononenkonyň kosmosy öwrenmäge we ylma wepalylygyny belläp, kosmosda bolýan wagtynda hem onuň Türkmenistana bolan söýgüsi, aýratyn ünsi üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle hem ildeşimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, maşgala abadançylygy, ähli maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi arzuw edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç haty kabul edildi. Diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, ýurdumyzyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara dostluk toparlarynyň bilelikdäki işleri hem şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, hususan-da, ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň barşynda milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Geçen hepdede ýurdumyzda gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan, musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy giňden bellenildi. “Halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän altyn hazynalardyr. Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzyň we hormatlanmagymyzyň esasydyr, bakylyk mertebämizdir” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Halkymyzyň baý ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamak, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeliginde guralýan giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreler-de munuň aýdyň beýanydyr. Bu iri forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

Dabaralaryň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi bu gezekki döredijilik baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. 29-njy iýunda açylyş dabarasyna bir ýyl dolýan şäher Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilip, halkymyzyň jebisligini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny aýdyň görkezýär. Bu meselä beýik şahyr Magtymguly Pyragy hem öz gymmatly eserlerinde aýratyn ünsi çekipdir. Iri forum häzirki zaman türkmen medeniýetiniň we milli sungatymyzyň ähli görnüşlerini şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň her sebitinden gelen wekiliýetleriň hatarynda belli sahna ussatlary, estrada, halk aýdymçylary, muzeý hem-de kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, meşhur folklor-etnografiýa toparlary bar.

Hepdeligiň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan altyn, kümüş teňňeleri we beýleki tapyndylary tabşyrmak dabarasy geçirildi. Olary tapan we döwlete tabşyrmak işine gatnaşan raýatlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Çeperçilik haly kärhanasy gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda görkezildi. Kärhanany gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, bu ýerde döredijilikli işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýle-de milli halyçylyk sungatynyň taryhy we aýratynlyklary barada dürli maglumatlary özünde jemleýän interaktiw enjamyň oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Täze şäher seýilgähiniň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn üns çekildi. Onuň çägini behişdi bedewleriň, türkmen alabaýlarynyň, arwana düýeleriniň heýkelleri bilen bezemek teklip edildi.

Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyklar, bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmegi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň tekliplerini we täzeçil pikirlerini iş ýüzünde ulanmak, täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler, şanly seneler mynasybetli çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary syýasy we ykdysady ulgamlarda, ilatymyzyň ruhy-medeni durmuşynda ýetilen täze sepgitler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow