Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
Çap edildi 09.06.2024
773

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, amala aşyrylýan maksatnamalar, giň gerimli taslamalar bilen utgaşdyrylýar. Şunda ýurdumyzda sportuň giňden wagyz edilmegine we ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumlaýyn strategiýasy netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu sport çäresi Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasyndan badalga alyp, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehanada tamamlandy.

Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, şäher häkimliginiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. Welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar. Çärä Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek guralan welosipedli ýörişe gatnaşan türgenler hem goşuldylar.

Şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy. Baýramçylyga gabatlanyp, maslahatlar, duşuşyklar, ýaryşlar, ýaş türgenleriň, talyplaryň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşlar 200, 500 we 750 metr aralyk boýunça guraldy.

Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly çäreler geçirildi. Çykyş edenler Türkmenistanda sportuň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny bellediler. Ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleri döredilip, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar we döwrebaplaşdyrylýar, sport toplumlarynda bolsa iri halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa milli energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmäge, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, artykmaç bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy. Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, onuň Garagumuň üstünden geçýän bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Bitewi halkalaýyn energoulgamy gurmakda alnyp barlan işleriň, ulanylan enjamlaryň ýokary hili, beketleriň ýokary tehnologiýalylygy we howpsuzlygy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň, «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň hem-de «DEKRA» institutynyň halkara güwänamalary bilen tassyklanyldy.

Dabaranyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy. Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Şol gün Daşoguz welaýatynyň köp sanly bagtyýar maşgalalary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Olara dabaraly ýagdaýda täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkezinde umumylykda 80 öýli, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi açylyp ulanmaga berildi. 16 öýli, dört gatly jaýlaryň ýene dördüsi Gülüstan şäherçesinde açyldy. Täze jaýlar şäheriň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Olaryň gurluşygynda ýokary hilli, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Jaýlaryň töwerekleri abadanlaşdyrylyp, ýaşyl zolaklar emele getirildi.

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Umuman, jemi öndürilen önümiň möçberi 11,5 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime, çykdajy bölegi 97,6 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza gutlaglaryny beýan etdi. Munuň özi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» hem-de Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» Kararlara gol çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz önümçilik desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň düzümine girjek kärhanalaryň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Olarda ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik durmuşda ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary we beýlekiler öndüriler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli kärhanalarda lukmançylyk duzuny almak, ýurdumyz boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlary taýýarlamak, çig mallara we önümlere ISO halkara güwänamalaryny almak, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň haryt nyşanyny işläp taýýarlamak we olara degişli güwänamalary almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç haty kabul edildi. Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, parlamentleriň derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan netijeleriň möhümdigi nygtaldy.

«Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirilip, milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Hünärmenler halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar.

Paýtagtymyzda «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum şu ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Çykyş edenler tutuş Diýarymyzdaky giň möçberli gurluşyklaryň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň dabaralanmasydygyny bellediler.

Ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi we bu ugurdaky kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi babatda ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işlere üns çekildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşiri çap edildi. Täze neşir halkara ölçegleri hasaba almak bilen, ekologiýa ulgamynda täzelenen Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň gün tertibine ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri girizildi. Maslahatyň çäklerinde uniwersitet tarapyndan innowasion tehnologiýalar boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary 7-nji iýunda bu işe girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň dürli wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetde ekologik medeniýeti hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemek, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow