Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
Çap edildi 05.05.2024
434

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ynamly öňe gitmegini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Meýdanlarda ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg edilýär.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz kanunylygyň berjaý edilişiniň, hukuk tertibini, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmegiň, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärler kuwwatyny berkitmegiň, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ähli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli 9-njy maýda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Şu ýylyň dört aýynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalarynyň hasabatlaryny diňläp, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmak barada görkezmeler berildi.

Nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň, nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Oba hojalyk pudagynda edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatda işleri ilerletmek möhümdir. Senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, olary taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmeli. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen döredijilik çärelerini mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak tabşyryldy. Taryhy, medeni, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga bagyşlanan köp sanly teleradiogepleşikleri yzygiderli taýýarlamak babatda görkezmeler berildi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda amala aşyrylýan işler metbugatda-da giňden beýan edilmelidir. Medeni mirasymyzyň, aýdym-saz sungatymyzyň, däp-dessurlarymyzyň möhüm ähmiýetini ýaş nesillerimize ýetirmek boýunça çäreleri, şeýle-de teatrlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden açyp görkezýän, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz bilim edaralarynda okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şunda ylmy edaralaryň ylmy işlerde innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary, tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns bermegi zerurdyr. Saglygy goraýyş edaralarynyň işini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegiň, sport desgalaryny netijeli dolandyrmagyň, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitde we dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatyny dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, hyzmatdaş döwletler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gazanylan netijeler kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy. Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Mejlisde ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamak barada görkezmeler berildi.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen okuw maslahatyny beýleki wakalaryň hatarynda görkezmek bolar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçirildi. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtap, oba we suw hojalyk pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Paýtagtymyzda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Amyderýa sebitinde çözgütleriň kabul edilmegini goldamak boýunça utgaşykly görnüşde geçirilen 3-nji sebit duşuşygynda bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň netijeleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde sebit utgaşdyryjy komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.

Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi. Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
18.05
Beýik şahyryň ölmez-ýitmez goşgulary ählumumy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir
18.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
17.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
17.05
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
17.05
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
17.05
Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär
17.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.05
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
17.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow