Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watanymyz öz gahrymanlaryny sarpalaýar
Jemgyýet
Watanymyz öz gahrymanlaryny sarpalaýar
Çap edildi 07.05.2025
2329

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara giň gerim berilýär. Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ir bilen dabara gatnaşyjylar köşgüň ikinji gatynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary we şol döwre degişli dürli serişdeler görkezilýär. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda görkezen edermenligine, merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Dabaranyň başynda edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Aýratyn-da, uruş ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar belent ruhda ýaňlanyp, ruhubelentligi, watansöýüjiligi özünde jemleýän çykyşlar çäräniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň we watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen Mälikguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen aýdymlar halkymyzyň agzybirliginiň, merdanalygynyň we zähmetsöýerliginiň senasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren, öz manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezen Mälikguly Berdimuhamedowyň ýazan “Biz ýeňeris!” atly çuňňur watançylyga ýugrulan goşgusynyň häzirki wagtda watansöýüjiligiň aýdymy bolup ýaňlanýandygy nygtaldy.

Türkmenistanda uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet derejesinde hormat-sarpa goýulýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr. Muny dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permany esasynda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Bu çäre 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.

Aýdym-sazlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ajaýyp wakalaryň uly dabaralara beslenýändigini nygtadylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar taryhda öçmejek yz goýan pederlerimiziň sarpalanylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Sungat ussatlary öz çykyşlarynda Berkarar Watanymyzy hem-de onuň asudalygyny, jemgyýetimiziň jebisligini, şol sanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň mazmunynyň ähmiýetini belentden wasp etdiler.

***

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda-da guramaçylykly geçirilýär.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow