Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 07.05.2025
200

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Diýarymyzda Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, düzümleýin edaralarda hukuk serişdeleriniň döwrebap usullaryny ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de kanunylygy pugtalandyrmak, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler, ministrligiň işgärleri üçin döredilýän gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek babatda degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleri taýýarlamak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda döwletimizde abadançylygy saklamak, döwrebap tehniki serişdeleri we işiň netijeli usullaryny ulanmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilmeginiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen dost-doganlygyň serhedi bolup durýan ýurdumyzyň serhetleriniň goragyny we asudalygyny ygtybarly üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy, serhet galalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy, Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berildi.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, türkmenistanlylara degişli hukuk kömegini bermek, ösüş maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba almak, adalat edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň serhedinden ýükleriň, şol sanda üstaşyr ýükleriň kadaly geçirilmegi boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly ulgamy we işiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere gözegçilik etmek, olary gümrük taýdan resmileşdirmek işiniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna gümrük nokatlarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanlylaşdyrmagyň we bu ulgama öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda halkara derejede möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we gullugyň öňünde durýan wezipeleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň görülýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi
07.05
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
07.05
Watanymyz öz gahrymanlaryny sarpalaýar
07.05
Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgeleri ýaşlar neşiriniň täze sanynda beýanyny tapýar
06.05
Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa gün tertibine goşandy: Bitaraplyk nukdaýnazaryndan garaýyş
06.05
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary
06.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy
05.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
05.05
Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
top-arrow