Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy
Jemgyýet
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy
Çap edildi 18.08.2023
3881

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.

Çeper döredijiligiň ussatlaryna, artistlere täze döredijilik ylhamyny bermäge gönükdirilen dabaraly maslahatyň başynda «Berkarar döwlet islärin» atly edebi-çeper kompozisiýa ýerine ýetirildi. Onda beýik Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinde we başlangyçlarynda hasyl bolandygy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynda mynasyp dowam etdirilýändigi çeper keşpde açylyp görkezildi.

Çykyş edenler watandaşlarymyza ajaýyp sowgat — täze eseri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip hem-de şygryýet äleminde üstünlikleri arzuw edip, bu ýere ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgy hemmeler üçin, aýratyn-da, döredijilik işgärleri üçin ylham çeşmesine öwrüler.

Berkarar döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly wakalara, dabaralara beslenýändigi, munuň şeýlediginiň 17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde täze goşgusyny okap berip, halkymyza sowgat etmeginden hem aýdyň görünýändigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan bu ajaýyp goşgusy merkezi gazetlerde hem çap edildi. Beýik Pyragynyň 300 ýyllygy barada söhbet açylanda, 2024-nji ýylda dabaralandyryljak bu şanly senäniň ähmiýetine üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan täze taryhy döwrümizde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüt kabul edildi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklip goldanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bular barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda hem bellenilip geçilýär.

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussady we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň miras goýan, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly edebi mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan şeýle işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Şeýle hem çykyşlarda watandaşlarymyzyň şanly seneler, dabaralar, şatlykly wakalar mynasybetli Gahryman Arkadagymyzdan täze kitaplary, goşgulary, aýdym-saz eserlerini sowgat alýandyklary, munuň indi asylly däbe öwrülen ýörelge bolup durýandygy nygtaldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň öz halky bilen jebisligini, bir jan-bir tendigini, Milli Liderimiziň halkyň şatlygyny-buýsanjyny paýlaşyp, diňe halkyň aladasynda ýaşaýandygyny aňladýar. Şonuň bilen birlikde-de, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri türkmenleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ýardam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan bu täze goşgusy many çuňlugyna eýe bolmak bilen, onuň bentlerinde beýan edilýän mazmunyň yzygiderliligi, setirleriniň bogun we kapyýa sazlaşygynyň doly berjaý edilmegi Milli Liderimiziň ussat şahyrdygyny nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň ozalky ajaýyp şygyrlary ýaly, ol akgynly we joşgunly okalýar, şoňa görä-de, täze goşgy halk köpçüligi tarapyndan uly höwes, kanagatlanma hem-de hoşallyk duýgulary bilen kabul edilýär diýip, dabaraly maslahata gatnaşyjylar buýsanç bilen aýtdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusyndan setirler hem okalyp, olar mysal hökmünde getirilip, Köpetdagyň eteginde howalanyp, örboýuna galan beýik Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan döwletiniň — Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejelerini, halkynyň eşretli ýaşaýşyny belentden, uly buýsanç bilen synlap duran akyldar şahyryň ruhunyň hyýallara dolýandygy bellenildi.

Milli Liderimiziň täze goşgusynyň setirlerine aralaşsaň, Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini belende galdyrmakda, dünýä tanatmakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlary hakynda oýlananyňy duýman galýarsyň. Sebitde deňi-taýy bolmadyk täze heýkeli gurmak başlangyjynyň hem Gahryman Arkadagymyza degişlidigini, onuň gurluşygy bilen yzygiderli gyzyklanýandygyny, häzirki wagtda bolsa bu işiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan berk gözegçilikde saklanýandygyny bellemek gerek. Bulardan başga-da, daşary ýurtlarda-da, Türkmenistanda-da Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa, bu ugurda dikilen heýkeller, çap edilen makalalar, ylmy işler, çeper kitaplar birin-birin göz öňüne gelýär diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň bu belent heýkeliniň ýanynda iş saparynda bolanda, Gahryman Arkadagymyzyň iri medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini beýan edip, özüniň gymmatly maslahatlaryny berendigine, şeýle heýkelleriň oturdylmagynyň medeni-seýilgäh toplumyndaky beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirjekdigi barada aýdanlaryna üns çekildi.

Mundan başga-da, dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ozal ýazan eserlerinde-de, döwlet ähmiýetli dabaralardyr maslahatlarda edýän çykyşlarynda-da Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn ornuň berilýändigi bellenilip geçildi. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, syrly setirlerine düşünmegi, seljerme bermegi, olary düşündirmegi başarýan beýik şahsyýet, beýik ynsan. Beýik ynsan beýiklik barada ýazanda, her bir söz, her bir setir göwnüňe jaý, ýüregiňe jüňk bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusy munuň aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň şygyr eseriniň many-mazmunyna syn bermegiň, ony düşündirmegiň hem-de wagyz etmegiň bu ugurda işleýän bilermenleriň, hünärmenleriň, alymlaryň, döredijilik işgärleriniň paýyna degişli bolup durýandygyna üns çekildi.

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusynyň sözlerinden, setirlerinden ruhlanyp, täze eserleri döretmek, spektakllary sahnalaşdyrmak, kinofilmleri düşürmek döredijilik işgärleriniň mukaddes borjudyr diýip, çykyş edenler aýtdylar we geljekde bu ugurda degişli işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.

Maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar çäräniň dabarasyny artdyryp, oňa baýramçylyk öwüşginlerini çaýdy. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler, şahyrlar beýik Pyragynyň şygyrlaryndan okap berdiler, edebiýatçy alymlar akyldar şahyryň käbir goşgy setirleriniň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüň berdiler. Dabaraly maslahatyň şeýle gyzykly söhbetler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy onuň täsirliligini artdyrdy.

Şonuň ýaly-da, çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabadyň günorta-günbatar künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ähli watandaşlarymyzy, esasan-da, ýazyjy-şahyrlarymyzy buýsandyrýandygy barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjydyr şahyrlaryň döredijilikli, öndürijilikli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, çykyş edenler adamzadyň medeni-ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyzyň, ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da sarpasynyň belent tutulýandygyny bellediler. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi, onuň döredijiliginiň alymlardyr magtymgulyşynaslar tarapyndan içgin öwrenilmegi şahyryň halkymyza miras galdyran gymmatly eserleriniň ähmiýetini açyp görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, alymlaryň köp sanlysy türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldular. Beýik şahyryň döredijiligine bagyşlanyp, dünýä ýurtlarynda dürli çärelerdir maslahatlar geçirilýär. Şolarda Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleriniň Türkmenistanyň syýasatynyň esaslaryny emele getirýändigi bellenilýär.

Häzirki wagtda Magtymgulynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillerde neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.

Bular barada durup geçmek bilen, çykyş edenler her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygyny nygtadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, bu ýere ýygnananlar bellediler.

Ençeme asyrlardan soň hem Magtymgulynyň öz döredijiliginde beýan eden beýik taglymlary, Watanyna bolan çäksiz buýsanjy Türkmenistanda ýaşaýan adamlar üçin hem, beýleki döwletlerde ýaşaýan raýatlar üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. Ajaýyp zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyklara garamazdan, ynsan kalbyny tolgundyryp bilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň geljek ýyl belleniljek 300 ýyllygyna bagyşlap döreden täze goşgusy bolsa kalplary ýagtylandyrýan öwüşginleri bilen ajaýyp Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar diýip, çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler halkara ylmy gatnaşyklaryň giňeldilmegine, dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli medeni mirasyň çuňňur öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine ýardam berýär. Şu babatda öz zehinini adamzadyň öçmejek gymmatlyklaryna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ruhy-aňyýet ösüşinde meşhur şahsyýetleriň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitlere, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkara ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine, umumadamzat ruhy gymmatlyklary nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy edebi mirasynyň öwrenilişi baradaky meselelere üns çekdiler hem-de dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymgulynyň mirasynyň ähmiýetiniň milli çäklerden çykýandygyny hem-de mundan beýläk-de çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmegini talap edýändigini aýtdylar.

Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň ähmiýeti uly bolar. Çünki bu eser beýik ynsanperwer şahsyýet Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykansoň, Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň edebi döredijiliginiň beýikligine beýikligiň derejesinden göz ýetirip bolar diýlip, çykyşlarda nygtaldy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de Aşgabady ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanşandygy barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň akyldar şahyryň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmeginiň, aýratyn-da, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerine üns çekildi.

Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň hatarynda pugta orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldaryň öçmez-ýitmez eserleriniň giňden wagyz edilmeginiň, türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde Magtymguly Pyragynyň wasp edilmeginiň möhümdigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi hem-de taryhy ähmiýete eýe boljak sene mynasybetli guraljak aýdym-sazly çykyşlar häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir we olarda mähriban Watanymyzyň ösüşi, şahyra ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Şeýlelikde, dabaraly maslahat Magtymguly Pyraga we onuň baý mazmunly, gymmaty hiç egsilmejek döredijiligine Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi belent hormat-sarpa goýýandygyny äşgärligi bilen görkezdi. Bu bolsa dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň dürli, şol sanda aýdym-sazly, çeper okaýyşly çykyşlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şeýle kämil eseri döredip, halkymyza ajaýyp sowgat edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döredijiliginde mundan beýläk-de täze ylham, täze eserleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow