Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ilkinji nusgalary 28-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylara gowşuryldy.
Tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Onda halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň subutnamalary bolan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Mundan başga-da, sergä gelenler türkmen saz gurallary, milli lybaslar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabyna hem-de kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berildi.
Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagymyzyň eserleri — nesil terbiýesiniň egsilmez hazynasy» atly edebi-çeper kompozisiýa bilen badalga aldy. Onda halkymyzyň kitaba goýýan çuňňur hormaty, kitaplaryň ynsan durmuşyndaky möhüm orny, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti çeper beýan edildi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakanyň — Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň öňüsyrasynda neşir edilen bu edebi-filosofik eser Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgeleri beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu täze eserde dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär. Bu kitap hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamydyr.
Täze kitap «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan — enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar. Neşir garalýan meseleleriň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň, filosoflaryň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetini bellediler. Onda milletimiziň taryhy mirasy barada gürrüň berilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň şöhratly ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar we taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz her bir eserinde beýik alymlaryň we filosoflaryň pähimlerini mysal getirýär. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan täze eseriň bütin dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik äheňli, çuňňur mazmunly goşgularyndan tymsallaryň getirilmegi bu iki şahsyýetiň paýhas ummanynyň, dünýägaraýşynyň, aňyýet kämilliginiň täsin sazlaşygydyr. Berkarar türkmen döwletini arzuwlan akyldar şahyrymyzyň: «Gurdugym aslynda bilgil, bu Zeminiň myhydyr,//Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýen setirleri hut Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik tutumlaryna degişlidir. “Biz munuň şeýledigini berkarar döwletimizde, dünýäni haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlerinde, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynda görýäris” diýip, dabaranyň dowamynda çykyş edenler nygtadylar.
«Hakydada orun alan pursatlar» atly bölümde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, döwrebap lukmançylyk-şypahana hyzmatlaryny ýola goýmak, çagalaryň sagdyn ösüşini üpjün etmek, ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak ýaly möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça gazanylan guwandyryjy netijeler beýan edilýär. Hususan-da, bu bölümde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Bu pikirler gaznanyň adynda bar bolan «sahawat», «ýagşylyk» ýaly düşünjeleriň mazmuny esasynda açylyp görkezilýär.
Täze neşiriň aýry-aýry bölümleri daşary ýurtlar hem-de görnükli syýasatçylar bilen dostlukly gatnaşyklaryň taryhyna bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky çözgütleri, ilkinji nobatda, dost-doganlyk ýörelgesine esaslanýar. Şunuň esasynda bolsa ýurdumyz dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli goňşuçylygy barha pugtalandyrýar, özara bähbitli, ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda has-da berkedi.
Kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölüminde Milli Liderimiz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy Mälikguly aganyň manyly ömürleri barada gymmatly maglumatlary getirýär. Hormatly Arkadagymyzyň mähribanlarynyň il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyşlan durmuş ýoluny watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, zähmetsöýerligiň, hoşniýetliligiň belent nusgasy hökmünde suratlandyrýar. Ogulabat eje we Mälikguly aga çagalaryny türkmen maşgalasynyň iň gowy däplerine laýyklykda terbiýelediler, perzentleriniň kämil şahsyýetler, mynasyp ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalary etdiler. Ene-atanyň terbiýesi we şahsy göreldesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ýoluny kesgitledi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen kitap köpöwüşginli fotosuratlar bilen bezelipdir. Bu eser Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işlerini, her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen taýsyz tagallalaryny açyp görkezýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda goşgular okaldy, aýdymçylaryň we folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we köpöwüşginliligi öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň nesilleri terbiýelemekdäki uly ähmiýeti çeper sözler arkaly beýan edildi. Çykyşlaryň her biri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlar bilen utgaşdy. Berkarar Watanymyza çäksiz söýgi, türkmen halkynyň Milli Liderine goýulýan ählihalk hormaty, beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde gazanylýan beýik üstünlikler baradaky buýsançly sözler ýaňlandy.
“Arkadagly Serdarly Watan” atly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrülip, onda ýurdumyzyň beýik gazananlary we okgunly ösüşi, röwşen geljege tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne halkymyzyň buýsanjy beýan edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler bu eseriň halkymyz üçin ruhy daýanç hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik maksatlara ýetmegiň ýoluny ýagtylandyrýan şamçyrag boljakdygyny nygtadylar.