Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 03.06.2023
963

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Paýtagtymyzyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi.

Şu ýylyň 28-nji maýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankara şu gezekki sapary döwletara dialogyň taryhynda möhüm waka bolup durýar diýip, diplomat aýtdy we hormatly Prezidentimiziň saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Ankara şäheriniň “Esenboga” Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk strategik hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dürli taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, döwrebap lukmançylyk edaralarynyň, dokma toplumlarynyň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalaryň gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle-de bu sanawda paýtagtymyzda düýbi tutulan saglygy goraýyş desgalarynyň üçüsiniň gurluşygy hem bar. Olaryň düýbüni tutmak dabaralary şu ýylyň mart aýynda geçirildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara ähmiýetli orun degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Iki doganlyk ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk gatnaşyklary nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, özara Medeniýet günleri yzygiderli esasda geçirilýär, sungat ussatlary iki ýurtda guralýan döredijilik çärelerine işjeň gatnaşýar. Bilim boýunça türkmen-türk geňeşiniň alyp barýan işi, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen hökümetara ylalaşyklar, ylym ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklar giňeldilýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasynyň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen hem-de köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitremede doganlyk halka ýurdumyz tarapyndan berlen goldawy bellemek gerek. Kömek goluny uzatmak ýaly asylly däp halkymyzda asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habary eşiden dessine, halkymyza mahsus ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerine eýerip, doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde-de özara ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, açyklyk hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatyny, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar. Öz nobatynda, Türkmenistan hem Türkiýäniň halkara giňişlikde eýeleýän abraýly ornuna hormat goýýar.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň Sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökleriniň umumylygy bu gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup çykyş edýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynyň Sergiler merkeziniň uly dabaralar zalynda köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri bar.

Döwlet Baştutanymyz türk Lideri bilen dostlarça salamlaşyp, ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogany gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli doganlyk döwletiň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Saýlawlaryň netijesi doganlyk türk halkynyň oňa bildirýän berk ynamynyň we goldawynyň, şeýle hem Türkiýäniň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda bitirýän hyzmatlarynyň doly ykrar edilýändigine, syýasy işde we döwleti dolandyrmakda uly tejribesi bolan Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda dostlukly ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk ugrunda mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine şaýatlyk edýär.

Asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-türk gatnaşyklary mizemez dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki döwürde ýokary derejä eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ulgamlarda depginli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Çankaýa” köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ankara şäheriniň “Esenboga” Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk işewürleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hususan-da, Türkiýäniň işewürleriniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dürli taslamalara gatnaşmagynyň möhüm orny nygtaldy. Munuň özi iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanda maýa goýumlar üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hormatly Prezidentimizi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň türk Lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmagynyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine, halklarymyzyň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirildi.

Soňky habarlar
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň innowasion ýoly
20.06
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
20.06
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
19.06
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
18.06
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow