Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper elli halyçylarymyza we ýurdumyzyň ähli halkyna
Syýasat habarlary
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper elli halyçylarymyza we ýurdumyzyň ähli halkyna
Çap edildi 27.05.2023
1596

Hormatly çeper elli halyçylarymyz!

Eziz watandaşlar!

Sizi nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli gözelligi bilen dünýäni haýran eden, milli buýsanjymyz bolan türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, çeper elli türkmen zenanlarynyň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesle geçip, özüniň hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gadyrly halyçylar!

Türkmen halkynyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen gözelligiň nusgasyna öwrülen halylarymyzda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gahrymançylygy, çuň mana ýugrulan pähim-parasady, ýol-ýörelgeleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Halyçylyk türkmen durmuşynda mukaddeslige eýe bolan, taryhyny asyrlardan alyp gaýdýan ajaýyp sungatdyr. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň şöhlelenmesidir. Berkarar döwletimizde halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny dikeltmek, gorap saklamak üçin zerur şertler döredilýär.

Hormatly dabaralara gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Bu gün Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly XXIII mejlisi öz işine başlaýar. Bu giň möçberli, halkara derejeli çäräniň şu dabaraly günlerde geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr. Çünki sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, halkara derejede meşhurlygyny artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran, häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň, Gündogardan Günbatara kerwen ýüklerini gatnadan gadymy täjirleriň ýoluny dowam etdirýän hyzmatdaşlarymyzyň, dünýä ýurtlarynda bu sungaty gorap saklamagy, ösdürmegi maksat edinip, bu ugurda iş alyp barýan halyşynaslaryň bitirýän hyzmatlary uludyr. Asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Gadyrly çeper elli halyçylar!

Berkarar döwletimiz ösüşiň hem-de döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň, dost-doganlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Türkmen el halylaryny dokamak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösmegine önjeýli goşant goşýan çeper halyçylyk kärhanalarynyň, halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileriň, öz işine berlen ussat halyçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri bu gün bizi buýsandyrýar. Dünýä we içerki bazarlarda alyjylaryň uly islegine mynasyp bolan el halylarymyzdyr haly önümlerimiz, haly dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly beýleki milli amaly-haşam işlerimiz gadymdan gelýän medeni mirasymyzy gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýär.

Hormatly adamlar!

Mähriban halyçylar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda hemişe üstünlik gazanmagy arzuw edýärin. Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow