Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyşyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Jemgyýet
Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyşyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 29.04.2023
2051

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama gabatlanyp, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyşy, şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Täze, döwrebap atçylyk toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk üçin atlary taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegine ýardam berýär.

…Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän täze atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde ajaýyp baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabaranyň giň gerimi hem-de halkymyzyň ruhubelentligi, çäräniň ýokary döwlet derejesi milli däp-dessurlaryň aýdyň öwüşginleri, taryhy geçmişimiziň, häzirki döwrüň hem-de geljegiň umumy sazlaşygyny özünde jemleýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerine barýan ýoluň ugry boýunça gadymy türkmen obasynyň durmuş ýörelgelerini açyp görkezýän, baýramçylyk görnüşinde bezelen ak öýler oturdylypdyr. Bu ýerde zenanlar haly dokaýarlar, el işleriniň, keçe taýýarlamagyň usullaryny görkezýärler, erkek adamlar bolsa zergärçilik işlerini ýerine ýetirýärler, şol sanda ahalteke bedewleri üçin bezeg şaý-seplerini, gündelik ulanylýan atçylyk esbaplaryny taýýarlaýarlar, milli saz gurallarynyň ýasalyş usullaryny görkezýärler. Hut şu ýerde dutarlaryň owazy astynda bagşylar aýdym aýdýarlar. Gündogara mahsus baýramçylyk dabarasyny bu ýerde ýaňlanýan saz we şygryýet eserleri, milli oýunlar bezeýär, senetçi ussalaryň çeper işleri, umumy şadyýanlyk hem-de süýji tagamlaryň hödür edilmegi ajaýyp sazlaşygy, köpöwüşginli toý dabarasyny döredýär.

Türkmen pälwanlarynyň — sportuň milli we häzirki zaman görnüşleriniň ussatlarynyň arasyndaky bäsleşikler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip, ählumumy baýramçylygyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şeýle-de bu ýerde çapyksuwarlar behişdi bedewlere atlanyp, olara erk etmegiň dürli usullaryny görkezýärler. Bedewler çapyksuwarlaryň ähli görkezmelerini takyk ýerine ýetirip, dabara gatnaşyjylara atlaryň hereketlerini we gadamlaryny synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Ýelden ýüwrük bedewler tutuş taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeläpdir, toý-baýramlaryň hem-de beýleki şanly wakalaryň bezegi bolupdyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň milli ýörelgelere ygrarlydygynyň özboluşly nyşanyna öwrülip, häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň, abadançylygyň ýoly bilen röwşen geljege tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr.

...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy atçylyk toplumynyň baş girelgesiniň öňünde saklanýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň täze atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna taýýardygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip hem-de ýygnananlar bilen salamlaşyp, Içeri işler ministrliginiň harby gullukçylarynyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny synlady. Olar taryhyň we häzirki döwrüň owazlaryny sazlaşdyrýan, ýurdumyzyň bedew badyna deňelýän okgunly ösüşini beýan edýän joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory garşylaýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem bar.

Soňra döwlet Baştutanymyza täze desgany açyp bermek haýyşy bilen ýüzlenildi.

Bu ýerde ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň toý bagyny kesmegi bilen, dabara tolgundyryjy pursatlara beslendi. Hormatly Prezidentimiz täze atçylyk toplumynyň açylmagyna ak pata berýär. Harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny beýan edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň çägi boýunça gidip barşyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň ýerine ýetiren işleriniň sergisini synlady.

Ýaş suratkeşler öz eserlerinde ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşplerini janlandyrypdyrlar, türkmen halkyna mahsus toý-dabaralary beýan edipdirler. Buýsançly bedewler çeperçilik eserlerinde hem-de sazlarda, suratkeşleriň öz işlerinde peýdalanýan demir we daş serişdelerinde, dürli görnüşdäki neşir taslamalarynda janlandyrylýar. Bu çeperçilik işlerinde bedewler tebigatyň kuwwatly we erkana jandary, ynsanyň wepaly hemrasy hökmünde görkezilýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatman, olara ählumumy söýginiň, köp asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän buýsanjyň beýanydyr. Ýaşlar milli döredijilik ýörelgelerini özleşdirmek bilen, olara täzeçe many-mazmun berýärler we şekillendiriş usullarynda täze garaýyşlary beýan edýärler.

Tebigatyň hem-de ynsan zehininiň döreden täsin ahalteke bedewi zergärçilik sungatynda-da mynasyp beýanyny tapýar. Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan hem-de daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Ahal welaýat häkimligi tarapyndan taýýarlanan sergi bölüminde bedew esbaplary hem-de bezeg şaý-sepleri görkezilýär, olar halk döredijiliginiň aýratynlyklary, ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. Munuň özi halkymyzyň etnografik mirasynyň dürli öwüşginlerini hem-de baýlygyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde sungat ussatlarynyň joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňledi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda, ilki bilen, toplumyň atçylyk toparynyň binasyna baryp gördi. Bu ýerde esgerleriň amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýokary derejeli gullugy üçin bolşy ýaly, olaryň göwnejaý dynç almagy bilen baglanyşykly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerleriň okuw otaglarynyň biri bilen tanyşdy. Bu ýerde ýaş harby gullukçylaryň degişli ugur boýunça bilim almaklary, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalar bilen tanyşmaklary hem-de olaryň syýasy taýdan düşünjeleriniň artdyrylmagy üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň naharhanasynda bolup, onuň enjamlaşdyrylyşy, naharhananyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň derejesi hem-de bu ýerde dürli milli tagamlary taýýarlamak üçin niýetlenen enjamlaryň özboluşly aýratynlyklary, naharhananyň üpjünçilik ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz hojalyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň barşyny, ýaş harby gullukçylarda zähmetsöýerlik, tertiplilik, tabşyrylan işe jogapkärçilikli çemeleşmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýol ugruna harby we hukuk goraýjy edaralaryň dutarçylarynyň birleşen toparynyň, IIM-niň sazandalar toparynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlaryny synlaýar. Dutar türkmen sungatynyň ylham joşgunydyr. Paýhasly pederlerimiziň zehininden binýat bolan bu meşhur milli saz guralynyň ýakymly owazy ene topragyň, halkymyzyň döredijilik zehininiň waspyna öwrülýär.

Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara deňdir. Onuň çäklerinde birnäçe desga, şol sanda edara we VIP binalary, açyk manež, höwür we çapuw atlara, taýlara ideg etmek üçin niýetlenen 500 at üçin athanalar, tehniki desgalar, çapuw ýodasy, 100 orunlyk tomaşaçylar münberi, awtoduralga we beýlekiler ýerleşdirilendir.

Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen, ähli zerur enjamlar we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar bejeriş binasy bar. Onda dürli bejeriş bölümleri göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde taýlaryň we uly ýaşly bedewleriň saglyk ýagdaýyny bellenilen kadalara laýyk derejede saklamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilipdir. Bölümde işleýän hünärmenler bu otagyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

Şeýle hem atçylyk toplumynyň düzüminde karantin binasy we atlary suwa düşürmek üçin howuz ýerleşdirilipdir. Bu işleriň kada laýyk ýerine ýetirilmegi özüniň oňyn netijesini berýär. Ýörite türgenleşik meýdançalary bedewleri çapyşyklara, päsgelçiliklerden geçmek we beýleki ýaryşlara taýýarlamak, taýlara tälim bermek, ata erk etmek tälimlerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi we türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.

Ýaş taýlar barada aýdylanda, bu ýerde olar üçin has amatly şertler döredilendir. Her bir taý üçin aýratyn atýatak gurnaldy. Has irki ýaşdan başlap, olara ideg etmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar, ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylypdyr. Her bir aty iýmitlendirmek üçin gije-gündiziň dowamynda saman, süle, arpa, ýorunja hem-de witamin, mineral goşundylar göz öňünde tutulýar. Toplumda ideg edilýän bedewleri bökdençsiz iýmitlendirmek maksady bilen, iým saklamak üçin ýörite ammarlar gurlupdyr.

Toplumyň durmuş üpjünçilik ulgamy degişli inženerçilik-tehniki düzümleri öz içine alýar. Täze atçylyk toplumy döwrüň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär we bedewleri ýetişdirmek, olara tälim bermek, çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilendir.

Türkmen tebigatynyň bu künjeginiň tämiz dag howasy hem-de tebigy-howa aýratynlyklary, giň çemenzarlyklar bedewlere we taýlara göwnejaý ideg etmek üçin amatly şertleri emele getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, behişdi bedewlere talabalaýyk ideg etmek, olary seýislemek we tälim bermek, sport ýaryşlaryna taýýarlamak işleriniň milli ýörelgeler bilen häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleriniň utgaşmagynda alnyp barylmagy wajypdyr. Munuň özi şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine, olaryň ýyndamlyk, çeýelik, çydamlylyk ýaly häsiýetlerini has-da kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy ýel bilen deňeşdirilýär. Olar şeýle gujurlydygyna garamazdan, çapýan wagtlary ýagtylykdan, oduň we howanyň güýjünden gujur alyp, ýeriň üstünden uçýan ýaly görünýärler. Şol sebäpli-de olary “ganatly bedewler” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halk döredijiliginde bedewleriň ganatly görnüşde beýan edilmegi hem hut şuny aňladýar. Olaryň şeýle keşbi dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda beýan edilýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň ösüşini bedew bady bilen deňeýärler. Biziň halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleri amala aşyrmak bilen, ýagty geljege tarap ynamly öňe barýar.

Arkadagly Serdarymyz açyk maneže bardy. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bedewe erk etmegiň dürli tilsimlerini görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň çar künjeginde geçirilýän abraýly ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Milli toparyň gazanýan ýeňşiniň hormatyna ýurdumyzyň ýaşyl baýdagy belende galdyrylýar. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň halkara abraýynyň barha belende göterilýändigini görkezýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sportunyň we milli atçylyk sirkiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa atçylyk sportunyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna giň ýol açýar. Mynasyp bolnan kuboklar, gazanylan medallar we diplomlar bu toparyň agzalarynyň milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändiklerini görkezýär. Munuň özi ahalteke bedewleriniň atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Çykyşyň maksatnamasyna laýyklykda, bedewler milli sazlar bilen utgaşýan tanslary ýerine ýetirdiler. Olara erk edýän çapyksuwarlar bar güýji bilen çapyp barýan bedewiň astyndan geçip, ýene-de eýere atlanyp, ussatlyklaryny görkezdiler. Asmandan inen ýaly, altyn öwüşginli bedewler çapyksuwarlaryň başarjaň erk etmeginde çylşyrymly, täsin tilsimleri görkezýärler. Şunuň ýaly atçylyk sport görnüşleri tomaşaçylarda uly joşgun döredýär. Bu gezek hem köpöwüşginli tomaşa olary haýran galdyrdy.

Şeýle joşgunly tomaşa ata Watanyň azatlygyny we erkinligini goran gaýduwsyz esgerleriň, edermen zenanlaryň hem-de türkmen halkynyň taryhyna öçmejek sahypalary ýazan meşhur serkerdeleriň hemrasy bolan ahalteke bedewleriniň keşbini gaýtadan dikeldýär. Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşi milli taryhy tejribä daýanýar. Ol biziň üçin häzirki wagtda güýç-kuwwat we ylham çeşmesi bolup hyzmat edýän, täze ýeňişlere ruhlandyrýan ata-babalarymyzyň mirasyndan gözbaş alýar.

Häzirki döwürde bedew Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ahalteke tohumly bedewleri gorap saklamak hem-de olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. Arkadagly Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirmek bilen, behişdi bedewlere belent sarpa goýýar, milli atşynaslyk pudagyny täze belentliklere çykarýar, ýurdumyzda bu pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Pudagyň ösüşine goşmaça depgin bermek, at çapyşyklarynda hem-de atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, türgenleriň taýýarlanylmagyna ägirt uly üns berilýär. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly atlar dakylýar.

Köpöwüşginli, joşgunly tomaşa tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň binasyna gelýär hem-de özi üçin bellenen ýere geçýär.

Dabarany alypbaryjy ähli türkmen halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan köpugurly zähmeti üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy hem-de bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bolan, ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýän ahalteke bedewi häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky nyşanyna, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly gatnaşyklara, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň alamatyna öwrüldi. Giň gerimli özgertmeler döwründe şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň müňýyllyklara uzaýan taryhynda şanly wakalara, ýeňişlere beslenýän täze sahypa açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlary hem-de atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke tohum bedewleriniň goralyp saklanmagyna we olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, dünýäde giňden wasp edilmegine gönükdirilen tagallalary ählihalk goldawyna eýe bolýar. Şu gezekki dabaralar hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan olaryň zähmetine bildirilýän hormat-sarpa üçin hoşallygyň nyşany hökmünde, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Dabarany alypbaryjy döwlet Baştutanymyzdan toplumyň merkezi binasynyň öňündäki meýdança gelmegini haýyş edýär.

Ýurdumyzyň her welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan bedewler yzly-yzyna meýdança çykarylýar. Şol bir wagtda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular we ýaş nesliň wekilleri-de meýdança çykýarlar. Goşgy setirleri, tüýs ýürekden hoşallyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlar aýdylýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri meýdança çykarylyp, olar barada maglumatlar berilýär hem-de dabaraly ýagdaýda pasportlar gowşurylýar.

Ahal welaýatynyň ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Kärizek, Balkan welaýatyndan Bagtyýarlyk, Daşoguz welaýatyndan Aýdyňýol, Lebap welaýatyndan Keramat, Mary welaýatyndan Akhowdan, Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedewler sowgat berilýär. Şeýle hem Gaýduwsyz atly bedew harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan sowgat hökmünde gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda doglan, Skak diýen meşhur bedewiň nesil ugruna degişli we Galkasen hem-de Bagtygül atly bedewleriň nesli bolan ajaýyp Akganat atly bedew sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz dabaralara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ynsan bilen bedewiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň başlanýandygynyň we gorag nyşany hökmünde Akganat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Soňra döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň binasynyň ikinji gatyna galýar we bu ýerden Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň atly toparlarynyň dabaraly ýörişini synlaýar.

Soňra täze atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli çapuw ýodalarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi.

Atçylyk sportunyň bu örän gyzykly görnüşi türkmenleriň arasynda däbe öwrülen, ahalteke bedewleriniň uly artykmaçlyklarynyň birini — çalasynlyklaryny synagdan geçirmegiň hem-de ösdürmegiň gadymdan gelýär usulydyr. Munuň özi bedewleriň bu tohumynyň abraý-mertebesini, olaryň esasy tohum we nesil ugurlaryny kesgitleýär, at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolan iň ýyndam bedewler bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirijilerdir.

Tejribeli ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşiklere tomaşa etmek aýratyn gyzyklydyr. Sebäbi toplan tejribe-bilimleri, ukyp-başarnyklary olaryň ýeňiş gazanmak ugrunda deň mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Şunda tejribeli çapyksuwarlar-da, ýaşlar ýaly, batyrgaýlyk we çalasynlyk görkezýärler. Şu günki bäsleşikler türkmen bedewleriniň örän çydamlydygyna hem-de ýyndamdygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi ýurdumyzyň seýisleriniň tutanýerli işleriniň, çapyksuwarlaryň ussatlygynyň netijesidir. Sebäbi bar güýji bilen okgunly çapyp barýan bedewe, esasan-da, bäsdeşler güýçli bolanda, erk etmek ýeňil iş däldir.

Soňra dabarany alypbaryjy “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanandygyny yglan edýär. Beden gurluşy boýunça iň owadan bedewleriň şunuň ýaly bäsleşikleri baýramçylyk dabarasyna aýratyn estetiki görnüş berýär. Bedewler gözüňi gamaşdyrýan köpöwüşginli gözelligi bilen sportuň bu görnüşine sarpa goýýanlary hem-de hünärmenleri haýran galdyrýarlar. Iň gowy bedewi saýlamak dessury türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgedir. Biziň halkymyz diňe bir olaryň ýyndamlygyna, çydamlylygyna, güýjüne hem-de söweşjeň sypatlaryna sarpa goýmak bilen çäklenmän, gylygyna, daşky keşbine-de uly üns berýärler. Türkmen halkynyň atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmeginiň höweslendirilmegine gönükdirilen bu bäsleşik naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň usulyýetleriniň kämilleşdirilmegine kuwwatly itergi berýär.

Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan iň gowy ahalteke bedewleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

Emin agzalary hem-de tomaşaçylar her bir bedew baradaky maglumatlar — ady, ýaşy, nesil ugry, olaryň eýeleri bilen tanyşdyrylýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldylar. Bedewler seýkin gadamy bilen özleriniň daşky keşplerini hem-de alan tälimlerini açyp görkezýärler. Her bir adamyň gözellik barada öz garaýşy bolsa-da, ahalteke bedewi babatda olaryň ajaýyplyklaryny synlap, haýran galmaýan adamy tapmak aňsat däldir.

Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bedewler barada ençeme eserler döredildi, öwgüli sözler aýdyldy. Türkmenler bolsa öz wepaly hemrasy bolan bedewlere ynsan häsiýetlerini berip, olaryň keşbinde diňe bir tebigy çalasynlygy däl, asyllylygy, ýürekdeşligi, duýgudaşlygy, akyl-paýhasy hem gördüler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserlerinde doly beýan etdi. Halk hakydasynda bedew ynsan pikiriniň çeýeligini, ruhy erkinligi hem-de döwrüň gadamyny alamatlandyrýar.

Şol sebäpli-de, hakyky göwher üçin mynasyp, owadan gap ýasalyşy ýaly, bedewler üçinem altyndan we kümüşden döredilen şaý-sep bezegleri milli zergärçilik sungatynyň aýratyn ugruna öwrüldi. Ilkibaşda bedewler tomaşaçylaryň öňünde tebigy görnüşinde görkezildi. Soňra olary iň zehinli ussat zergärleriň taýýarlan toý lybaslarynda syn ediş meýdançasyna çykardylar.

Bäsleşigiň jemlerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady ýetip geldi.

“2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, şöhratly Gyrsakaryň nesil ugrundan we Garaşsyz hem-de Sülgün atly bedewleriň nesli bolan, 2015-nji ýylda doglan ajaýyp Goşasakar atly bedew ykrar edildi. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “Toyota Fortuner SR-5” kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bedewiň seýsi hormatly Prezidentimize gymmatly sylag hem-de behişdi bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlymlarda türkmen bedewiniň keşbini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşigiň baş maksady ajaýyp we akylly bedewiň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýraklar şu ýeňijilere — Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe “Berkarar we Bagtyýar” atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Şirin Gylyjowa “At şaý-sep toplumy” atly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Zakirjan Babaýewe “Şan-şöhrat getiren türkmen bedewi” atly nakgaş eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Kerim Soltanowa “Behişdi bedew” atly heýkel eseri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory Merdan Kyýasowa “Türkmen bedewleri” atly fotoişi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň teleoperatorlar toparynyň üçünji derejeli teleoperatory Muhammetgeldi Gulowa “Bedewler” atly wideoşekili üçin “Tolkun” nyşanly telewizorlar we degişli diplomlar gowşuryldy.

Olaryň her biri bedewiň aýratyn täsin keşbini döretdiler. Eserlerde Zemin bilen asmanyň sazlaşygy ýaly, hakykat bilen hyýalbentlik utgaşsa-da, olaryň ählisinde ahalteke bedewlerine halkymyzyň çäksiz söýgüsi beýan edilýär.

Dabara gatnaşyjylar gutlag sözlerinde şu günki dabaranyň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda başlanan asylly işleri Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändiginiň netijesidigini bellediler. Bäsleşigiň ýeňijileri özleriniň döredijilik işlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýelden ýüwrük bedewleriň ajaýyp keşbini öz işlerinde açyp görkezmek bilen, olaryň dünýä şöhratyny has-da belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Meşhur estrada aýdymçylarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşlarda Watanymyz hakdaky aýdymlara aýratyn orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler öz beýanyny tapdy. Halk aýdymlarynda we häzirki zaman estrada çykyşlarynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleriniň, türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspy ýetirildi. Artistler özleriniň sungaty bilen adamlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan harby we hukuk goraýjy düzümleriň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen baýramçylyk bäsleşikleriniň ýeňijisine baş baýrak gowşuryldy. Bäsleşikde ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli Keýmirkör we Aýgül atly bedewleriň nesli bolan Kömek atly dor bedew ýeňiji boldy. Ýeňiş gazanan halypa çapyksuwar Ý.Nazarmyradowa “Toyota Сamry” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli goranmak ministrine sowgat hökmünde awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy hem-de her bir harby gullukçynyň Watanymyza hem-de harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezip, öz üstlerine ýüklenen jogapkärli borjy mynasyp berjaý etmek üçin gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, geljekde-de merdana türkmen esgerleriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etjekdiklerine, özleriniň söweşjeň taýýarlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrjakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň möhümdigini nygtady we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmegiň zerurdygyny belläp, ýygnananlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Sylaglary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow