Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar
Ykdysadyýet
Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar
Çap edildi 19.01.2023
3043

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, emele gelen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýy, olaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ygrarlydyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar şu gezekki forumy guramak üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça dürli ulgamlarda gol çekilen resminamalar toplumy, iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama ähli ugurlarda, şol sanda ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldiler.

Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşýarlar.

Günüň birinji ýarymynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri we ýollary barada pikir alyşmalar boldy. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýakyn we uzak geljek üçin döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary anyklaşdyrylan işewürlik maslahatynyň umumy mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýokary wezipeli wekilleriň gatnaşmagy hem-de şu gezekki işewürlik duşuşygyna gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň strategik häsiýete eýe bolan we deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerinde guralýan hem-de okgunly ösýän netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly üns berýändikleriniň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, munuň özi taraplaryň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, ykdysady we intellektual mümkinçilikleri has doly herekete girizmek maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.

Russiýa Federasiýasy biziň ýurdumyzyň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Russiýanyň iri kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklary netijeli hyzmatdaşlygyň anyk görkezijileriniň mysalydyr. Şeýle hem olar işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna aýratyn orun degişlidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan etdi. RF-niň wekiliýetiniň şeýle wekilçilikli düzümi, onuň ýokary derejesi, ýurduň dürli sebitlerine giň wekilçiligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmanyň, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň subutnamasydyr. Öz nobatynda, biziň ýurdumyzda hem soňky wagtlarda Russiýa bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge barha artýan isleg we taýýarlyk äşgär duýulýar. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki işewürlik maslahatyna türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumyny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar. Forum bu gatnaşyklara täze itergi, ozaly bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ykdysady ugrunyň ösdürilmegine ýardam berer.

Umuman, iki tarapyň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygy häzirki wagtda diňe bir ýokary depginlere eýe bolmak bilen çäklenmän, ahyrky anyk netijeleriň gazanylmagyna tarap gönükdirildi. Munuň özi bilelikdäki meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli çemeleşmeleriň emele gelendiginiň, bilelikdäki düýpli mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirilmeginiň subutnamasy bolup durýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda ähli ugurlary diýen ýaly öz gerimine alýan ygtybarly şertnama-hukuk binýady biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny emele getirýär. Resminamalaryň uly toplumy iki döwlete ynanyşykly gatnaşyklary guramaga, hyzmatdaşlygyň ol ýa-da beýleki ugurlarynda bilelikde strategik meýilnamalaşdyrmagyň täze derejesine çykmaga mümkinçilik berýär.

Çykyşyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gurallarynyň ýeterlik derejede netijeli herekete girizilendigi bellenildi. Bu toparyň mejlisleri yzygiderli esasda geçirilýär hem-de barha köp ugurlary öz içine alýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünliklere we oňyn netijelere beslenýändiginiň esasy, kesgitleýji şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe geçen ýylyň özünde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda bäş duşuşyk geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy, onuň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada döwlet Baştutanlary tarapyndan strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegi ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabr aýynyň başynda Russiýa amala aşyran saparynyň aýratyn ähmiýetli waka bolandygy nygtaldy. Söwda-ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygy türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky wagtlarda energetika, ulag, önümçilik kooperasiýasy ýaly ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Gaz, nebit we elektroenergetika toplumlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Şunda “Tatneft” we “Gazprom” kompaniýalarynyň türkmen bazarynda barha artýan işjeňligine üns çekildi. Nebitgaz pudagynda bilelikdäki işleri mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda elektroenergetika ulgamynda Marynyň döwlet elektrik stansiýasyny hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýylylyk elektrik merkezini döwrebaplaşdyrmak işlerine “Silowyýe maşiny” paýdarlar jemgyýetini çekmek boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär. Ulag we logistika ulgamynda giň mümkinçilikler açylýar, şunda demir ýol we gämigurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ileri tutulýan ugra öwrülýär. Şunda gürrüň, ozaly bilen, Demirgazyk — Günorta halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça hereket etmegi barada barýar. Häzirki wagtda bu ugurda russiýaly hyzmatdaşlar hususan-da, Russiýanyň demir ýollary kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki işler alnyp barylýar. Geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Russiýadan Türkmenistanyň çäkleriniň üstünden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilýän ýük gatnawlarynyň 4 esse artandygy, ýokarda görkezilen ugruň çäklerinde konteýnerleri geçirmegiň birnäçe gezek artandygy bellenilýär.

Hazar deňzinde logistika hyzmatdaşlyk babatda Türkmenbaşy — Astrahan we Türkmenbaşy — Mahaçkala portlarynyň ugurlary boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnawlaryň doly möçberde herekete getirilmeginiň möhümdigi barada aýdyldy. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, tutuşlygyna ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynda türkmen tarapynyň Astrahandaky “Lotos” aýratyn ykdysady zolagynyň işine gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler açylýar. Gämi gurluşygynda “Balkan” gämigurluşyk zawodynda söwda maksatly gämileri gurmakda anyk netijelere çykmaga mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýurdumyzyň söwda floty üçin Russiýanyň gämigurluşyk zawodlaryna buýurmalary bermek baradaky teklibe garamaga taýýardygy beýan edildi. Bu ugurda ýeterlik tejribe toplandy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda howa gatnawlarynyň dikeldilendigini hem-de täze ugurlaryň açylandygyny bellemek gerek diýip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyna hem-de ösdürmegine döwletara hyzmatdaşlykda möhüm orun degişlidir. Geçen ýyllaryň dowamynda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary emele geldi. Häzirki wagtda Russiýanyň birnäçe beýleki sebitleri, hususan-da, Çelýabinsk, Swerdlowsk we Orýol oblastlary hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler, biz muny goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň sebitleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlary bilen bu meýilnamalary anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Ýokary tehnologiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitlenildi. Russiýanyň Hökümeti tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine, şol sanda halkara kooperasiýa ugry boýunça giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky işlere gatnaşmagy, hususan-da, tehnoparklary, IT hem-de Hi-Teсh merkezlerini döretmek babatda çärelere goşulyşmagy ugur edinýär.

Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam yzygiderli esasda ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz taryhy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlugyň berkidilmegine ygrarlydyrlar. Döredijilik toparlaryny yzygiderli alyşmak işi, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler geçirilýär. Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň Türkmenistanda ýakynda guralan hem-de üstünlikli geçen çykyşlary munuň mysalydyr.

Bilim ulgamynda oňyn ösüşler äşgär görünýär. Mysal üçin, häzirki wagtda Russiýada Türkmenistandan, takmynan, 30 müň talyp bilim alýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykarylýar. Türkmenistanyň we Russiýanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekildi. Bu ugurda gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi. Türkmenistanda rus medeniýetini we rus dilini döwlet derejesinde goldamak işi amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda rus dilinde okadylýan umumy bilim berýän mekdepleriň 71-si hereket edýär, okuw, ylmy, çeper edebiýat we döwürleýin neşirler çap edilýär. Aşgabatda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hem-de 2018-nji ýylyň maý aýynda Astrahan oblastynda açylan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini açmagyň taslamasy bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmaga ýardam berer. Bu taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, ýörite iş topary döredildi. Ol russiýaly hyzmatdaşlar bilen täze ýokary okuw mekdebiniň hukuk we guramaçylyk binýadyny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak hakynda çözgüdi kabul etdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga taýýardyklary üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan edip, şu gezekki forumyň bu ugurdaky işlere oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna ýüzlenip, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan etdi. Premýer-ministr şu gezekki duşuşygyň rus-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän şeýle giň gerimli işewürlik maslahatydygyny aýdyp, onuň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigini, köp sanly geljegi uly taslamalara ýol açjakdygyny nygtady.

Häzirki wagtda ählumumy maliýe-ykdysady gatnaşyklary täzeden ýola goýmak ýagdaýynyň dowam edýändigini belläp, Mihail Mişustin häzirki döwrüň diňe bir uly wehimleriň däl-de, täze mümkinçilikleriň, ozaly bilen, dürli ulgamlarda özbaşdaklygy, şol sanda ykdysady, maliýe, tehnologik özbaşdaklygy pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleriň açylýan wagtydygyny aýtdy. Ol çykyşynyň dowamynda Russiýanyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny gysgaça häsiýetlendirdi. Ol, umuman, durnukly ýagdaýda saklanýar, işjeň ösdürilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Russiýada Türkmenistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanylýandygyny nygtap, häzirki wagtda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň bir milliard amerikan dollaryna ýetendigini kanagatlanma bilen belledi. Myhman ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, özara kooperasiýany giňeltmäge taýýarlygy hem-de bilelikdäki işleriň depginini ýokarlandyrmaga gyzyklanmany tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri bilen Russiýadan çykyp giden daşary ýurt kompaniýalaryndan soňra boşan käbir boşluklary eýeläp bilerler. Hususan-da, haryt akymlaryny giňeltmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, häzirki zaman senagat, energetika, ulag desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň önüm öndürijileriniň Ýewropa ugrunda işewürlik üçin päsgelçilikleriň ýüze çykandygy sebäpli, dostlukly ýurtlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi ugur edinýändikleri, Türkmenistanyň hem şol ýurtlara degişlidigi nygtaldy.

Işewürlik maslahatyna Russiýanyň köp sanly kompaniýalary gatnaşýarlar hem-de olar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrlar diýip, Mihail Mişustin sözüni dowam etdi we Russiýa bilen Türkmenistanyň birek-birek üçin hemişe ygtybarly hyzmatdaşlar bolandyklaryna, şeýle bolup hem galjakdyklaryna aýratyn üns çekdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, geçen ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, şeýle hem dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady. Şu ýyllaryň içinde bilelikdäki işler dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi hem-de häzirki wagtda täze derejä çykarylýar.

Myhman çykyşynyň dowamynda Prezidentler Wladimir Putiniň we Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada gol çeken strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň, şeýle hem baglaşylan täze ylalaşyklaryň, şol sanda oba hojalyk we söwda, bank, maglumat, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar boýunça, sebitara kooperasiýany pugtalandyrmak hakynda ylalaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Türkmen bazarynda Russiýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda 200-e golaý kompaniýanyň işleýändigi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň aýdyň mysallarynyň biridir. Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyngurluşyk pudaklary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Senagat kooperasiýasynyň ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iri taslamalar, şol sanda teplowozlary, ýük awtoulaglaryny, ozaly bilen, “KamAZ” awtoulaglaryny ibermek bilen bagly taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, gämigurluşyk pudagynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu işler özara bähbitlilik esasynda, iki ýurduň gurluşyk meýdançalaryny peýdalanmak arkaly geçirilmelidir.

Halkara ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şunda Russiýanyň çemeleşmeleri türkmen tarapynyň garaýyşlary bilen doly gabat gelýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň üstünde bilelikde işlenilýär. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy işewürlik üçin geljekde düzümleri, hyzmatlar we söwda-logistika merkezlerini gurmak, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar.

Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça awtoulag ýolunyň gurluşygyny geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda görkezip, Mihail Mişustin Hazarda Russiýanyň we Türkmenistanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmagyň, demir ýol lokomotiwleriniň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň iberilmeginiň giňeldilmeginiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdy.

Russiýanyň sebitleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sankt-Peterburg, Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, umuman, Russiýanyň 60-a golaý subýekti bilen ýola goýlan gatnaşyklary barada aýdyldy. Olaryň köpüsi bilen dürli ulgamlarda ylalaşyklar baglaşyldy.

Myhman Russiýa Federasiýasynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin işjeň tagalla etjekdigini aýdyp, RF-niň Hökümetiniň hem-de karz-eksport goldawy boýunça döwlet edaralarynyň telekeçilere goldaw bermäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gümrük, weterinar we ösümlikleri geçirmegiň gözegçilik kadalaryny, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Mihail Mişustin Türkmenistanyň wekillerini Russiýada şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri çäreleriň birnäçesine, hususan-da, “Russiýa — Yslam dünýäsi” halkara ykdysady forumyna, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlislerine, “Ýewraziýa — biziň öýümiz” kooperasiýa taslamalarynyň sergisine, Ýewraziýa kongresine, Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra RF-niň Hökümetiniň Başlygy sebitleýin goşulyşmak görnüşindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtdy. Türkmenistanyň goşulyşmak işlerine gatnaşmagynyň ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir etjekdigi hem-de Hazarýaka “bäşligine” girýän ähli ýurtlar üçin peýdaly boljakdygy, köp sanly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň, özara ynama, hormat goýmaga, birek-biregiň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş eden Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, biziň halklarymyzy ruhy-medeni umumylyklar, taryhy taýdan emele gelen hem-de häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň toplanan uly tejribesine daýanýan gatnaşyklar birleşdirýär we olar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Tatarystanyň Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, Tatarystanyň işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edinýändigini hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň hem-de Türkmenistanyň işewür toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyna, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üstünlikli işine üns çekildi. “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” ýaly iri kompaniýalaryň, maşyngurluşyk kärhanalarynyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr.

Şunuň bilen birlikde, bar bolan mümkinçilikleriň doly möçberde peýdalanylmagynyň, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Nebit ýataklaryny gözlemek hem-de nebit çykarmak, gazy ibermek, awtomobil, uçar we gämi gurluşygy, energetika, himiýa, derman we lukmançylyk önümlerini ibermek, obasenagat toplumy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir.

Häzirki wagtda Tatarystan innowasiýalar ulgamyny işjeň ösdürýär hem-de maýa goýum ýagdaýy boýunça Russiýanyň milli reýtinginde öňdäki orny eýeläp, maýadarlar üçin amatly düzümleri kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn ykdysady zolaklary, senagat toplumlaryny we tehnoparklary, inženerçilik we ylmy-barlag merkezlerini döretmek, nano we IT tehnologiýalary ösdürmek, kompozit serişdeler önümçiligi we robototehnika ýaly ugurlarda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bularyň ählisi tutuşlygyna özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň çykyşynda möhüm ugurlar, şol sanda soňky wagtda ýokary ösüş depginli bilen tapawutlanýan söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. Astrahanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Işewürlik maslahatyndaky çykyşlarda okgunly ösýän ykdysadyýetli döwletleriň ikisinde hem häzirki wagtda daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleriň döredilendigi nygtaldy. Soňky ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetleri mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrmagyň çäklerinde 2022-nji ýylyň fewral aýynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bu strategiýanyň esasy wezipeleriniň kesgitlenilendigi bellenildi. Ykdysady ulgamda alnyp barylýan syýasat innowasiýalara, bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebap, dolandyrmagyň has netijeli usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagyna daýanýan pudaklaryň toplumlaýyn hem-de durnukly ösüşine, Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hökümet tarapyndan durmuşa geçirilýän netijeli çäreler jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklap galmaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlaryň, senagat önümçiliginiň, daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň durnukly nyrhlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň işjeň senagatlaşdyrylmagy, karz syýasatynyň ösdürilmegi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi hem-de eksport mümkinçilikleriniň, hususan-da, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň we beýleki önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artdyrylmagy Türkmenistanyň täze belentliklere tarap ösüşiň ýolunda okgunly öňe gitmegine ýardam berýän esasy şertlerdir. Hojalygy dolandyrmagyň innowasion ýörelgeleriniň hem-de usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleridir. Durmuş-ykdysady görkezijiler ösüşiň milli nusgasynyň netijeliligini tassyklaýar. Munuň özi dünýäniň abraýly jemgyýetçilik hem-de maliýe guramalary tarapyndan ykrar edildi.

Çykyşlarda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň ösdürilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň hasabyna giňeldilmegine, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary hasaba almak bilen, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat pudagynda we gurluşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýokarda görkezilen pudaklar döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarydyr. 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda bu pudaklarda gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Taraplaryň ikisi hem ugurdaş düzümler boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, telekeçilik toparlarynyň başlangyçlaryny goldamaga, özara bähbitli täze teklipleri durmuşa geçirmäge gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyz awtomobil, deňiz, demir ýollary, raýat awiasiýasy ulgamynda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek başlangyçlaryny öňe sürýär hem-de olary amala aşyrýar. Ozaly bilen, Merkezi Aziýa we Hazar sebitine gyzyklanma bildirýän taraplar üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, iri energetika we yklym ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmünde garalmagy ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Ýewropanyň we Aziýanyň aralygynda ýerleşýändikleri Türkmenistanyň we Russiýanyň aýratynlyklarydyr. Munuň özi üstaşyr gatnawlar, logistik hyzmatlar babatda uly mümkinçilikleri açýar hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak umumy mejlisde garalan meseleleriň biri boldy.

Maglumat tehnologiýalar ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bu ugruň ösdürilmegine, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, halk hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde sanly ulgama geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli niýetlenen degişli Konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Ol kabul edilen döwlet maksatnamalaryna hem-de geljek üçin uzak möhletleýin meýilnamalara utgaşdyrylandyr.

Ýokary tehnologiýaly pudaklary, şol sanda elektron senagaty ösdürmek maksady bilen, toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Programma üpjünçiligini döretmek, elektron hyzmatlary, maglumat portallary we beýlekiler ýaly ylma esaslanýan ugurlary özleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze sanly önümleriň giňden ulanylýandygy, olaryň hili we amatlylygy babatda daşary ýurtlarda işlenip taýýarlanylýan önümler bilen bäsdeşlige ukyplydygy buýsançly ýagdaýdyr.

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçirilýän şertlerinde ştrih kodlaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň çäklerinde awtomatik usulda anyklaşdyrmak ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda geçirilýän işler şol önümlerden peýdalanýanlara öz kärhanalarynyň has netijeli işlemegini gazanmaga hem-de halkara söwda hyzmatdaşlary bilen dessin gatnaşyklary saklamaga mümkinçilik berýär. Türkmen haryt öndürijileriniň önümleriniň içerki we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky pikiri beýan etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hem, Russiýada hem esasy elektron söwda meýdançalarynda eksport ugurly önümleri bilelikde ilerletmek boýunça mümkinçilikleriň döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ulgamda tejribe alyşmak iki tarap üçin hem bähbitlidir. Forumyň barşynda milli ykdysadyýetleriň ösdürilmegine, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýarda bermekde iki dostlukly döwletiň Söwda-senagat edaralarynyň aýratyn orny bellenildi. Şeýle hem bu edaralaryň öňünde durýan wezipelere, hususan-da, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda düzümlerini kemala getirmek, telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmek, telekeçiler bilen olaryň durmuş ugurly hyzmatdaşlarynyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, işewürligiň ähli görnüşleriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ýaly ugurlarda bu düzümleriň öňde durýan wezipelerine üns çekildi.

Russiýaly hyzmatdaşlaryň çykyşlarynda dürli ulgamlaryň wekilleriniň häzirki wagtda ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalary beýan edildi. Dostlukly ýurduň işewürleri giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklap, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini aýtdylar.

Umumy mejlisiň ahyrynda şeýle duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýändigi, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin amatly mümkinçilikleri emele getirýändigi bellenildi. Taraplaryň pikirine görä, şu gezekki forumyň netijeleri uzak geljege gönükdirilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşmaça itergi berer.

Nygtalyşy ýaly, şu günki forum netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi uly ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, geljekde dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Garaşylyşy ýaly, ertir hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy düzümleriniň, işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisini geçirmek, telekeçilik toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Russiýanyň önüm öndürijileri üçin “Russiýanyň söwda öýi” söwda-sergi meýdançasyny açmak çäresi hem meýilleşdirilýär.

***

Şu gün Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine hem baryp gördi.

Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolandygyny hem-de hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi. Ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň däp bolan dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň mysallarynyň biridir.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow