Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar.
Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz ulgamynyň meşhur işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň esasy bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekilleri maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-e golaýyndan wekilleri bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy. Oňa gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylmalary ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen hem şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Gutlagda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu halkara maslahatyň hem-de serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygy nygtaldy.
“Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Pudaklaýyn gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerika yklymynyň esasy öndürijileriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüşleri bilen tanyşdyrmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.
Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 40-dan gowragy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär. Deňizde gözläp tapmak we Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka düzümleri kemala getirmek baradaky meselelere aýratyn üns çekildi. Sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa ugry boýunça täzeçilliklere uly orun berildi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhana, hususy telekeçiler bar.
Nebitgaz pudagynda bolşy ýaly, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini we mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ep-esli giňeltmäge, işewür hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem amatly mümkinçilik alýarlar. Şeýle çemeleşme bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berer.
Sergide oňa gatnaşyjylara tehniki serişdeleriň kömegi bilen wirtual ýagdaýda özlerini tebigy serişdeleriň operatory hökmünde duýmaga, nebit guýularynyň burawlanylyşyna hem-de tebigy gaz känleriniň gözlenip tapylyşyna gatnaşmaga özboluşly mümkinçilik döredildi.
Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almagy işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.
“Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly mowzukdaky umumy mejlisde bilermenleriň belleýişleri ýaly, häzirki forum energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energetika ulgamynyň pandemiýadan soňky täzeden dikeldilişine, energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de milli bähbitleri, ähli taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgelerinde uzak möhletleýinlik, açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bu ulgamda kesgitlenen wezipeleriň çözülmeginiň türkmen hünärmenleriniň hem-de daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleriniň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijileriň, maýa goýum guramalarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça türkmen tarapynyň teklipleri beýan edildi. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde maliýe serişdelerini çekmek üçin anyk şertler bilen üpjün edýär. Nebitgaz senagaty uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagydyr. Ýurdumyzda bu pudaga innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly orun berilýär.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşýan Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda öz garaýyşlaryny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ulgamda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp alyş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, “mawy ýangyjy” eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň esasy energetika döwleti hökmünde kemala gelmekde uly ýol geçdi. Munuň mysaly hökmünde nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary görkezmek bolar.
Hususan-da, şolaryň biri dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Bu energiýa geçirijisi türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde iň iri “mawy ýangyç” känleriniň biri bolan “Galkynyş” käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň çekilmegi boýunça işler dowam edýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklygyň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Plenar mejlisiň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, “SOCAR” kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň Baş direktory Georgiý Çikowani, şol sanda sanly ulgam arkaly «CNPC» kompaniýasynyň prezidenti Hou Siszýun, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) sebitleýin direktory Binu Partan, Ýewropa Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine netijeli çemeleşmeginiň we ählumumy energetika howpsuzlygyny kemala getirmek boýunça döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapandygy nygtaldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan üçin döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde uly öňegidişlik bolandygy bellenildi. Bilelikdäki möhüm taslamalar şol gatnaşyklaryň netijesidir. Häzirki tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumy hereket edýär. Bu kärhana «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp.» we «Hyundai Engineering Co.,Ltd» kompaniýalary tarapyndan guruldy. Ahal welaýatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen, dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawod guruldy. Ähli ölçegler boýunça ýeke-täk bolan bu kärhananyň öndürýän esasy önümi ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän “ЕСО-93” kysymly benzindir.
Soňra maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlisler boýunça dowam etdirildi. Olaryň ilkinjisi “Türkmenistanyň energetika toplumy: Hazar deňziniň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek üçin täze maýa goýum mümkinçilikleri” ady bilen geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalara «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan, «Gaffney Cline» kompaniýasynyň sebitleýin direktory Drýu Pauell, «ENI S.p.A.» kompaniýasynyň Russiýa we Merkezi Aziýa bazaryny ösdürmek boýunça bölüm müdiri Ernesto Ferlengi, «Schlumberger Logelco, Inc.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş direktory Nasser Dilmagani Zade, şeýle hem sanly ulgam arkaly «Trans Caspian Resources, Inc» kompaniýasynyň geňeşçi komitetiniň direktory Natali Kostello gatnaşdylar.
Çykyşlarda nebitgaz senagatynda geologiýa-gözleg işleri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologik nusgasynyň soňky täzelenmesi, pes uglerodly energiýa elýeterlilik, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahat öz işini 28-nji oktýabra çenli “Türkmenistanyň energetika toplumy: gury ýerde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gazhimiýa babatda täze maýa goýum mümkinçilikleri”, “Energiýanyň täze döwri: içerki we sebitleýin ösüş üçin sepgitler”, “Uglewodorodlary öndürmekde ekologik meseleler”, “Innowasion tehnologiýalar we nebitgaz ugrundan ylym-bilim babatda täzeçillikler (nou-hau)” atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdirer. Onuň barşynda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek mejlislerde daşary ýurtly iri ugurdaş kompaniýalaryň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, bilermenler çykyş ederler.
Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň, önümçilik-ýerlemek zynjyrynda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaba almagyň usullaryna degişli möhüm meselelere garalar. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak, degişlilikde, tebigy gaza islegiň artmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge çalyşmagy bilen baglylykda, dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy işjeň ösdüriler. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň gaz senagatynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işi, zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň orny, sanly serişdeleriň we hasabat hyzmatlarynyň netijeliligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle serişdeleriň peýdalanylmagy netijesinde nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýany öndürip biler.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda wodoroda — geljegiň ýangyjyna uly ähmiýet berilýär. Wodorod senagat önümçiliginde ulanylanda, parnik gazlaryny emele getirmeýär, çünki onuň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Şeýle-de ony energiýany toplaýjy hökmünde ulanmak bolýar. Gaz zyňyndylarynyň bolmazlygy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu häzirki zaman energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr. Häzirki günde energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde wodorod täze bazarlary “özleşdirmäge” girişýär. Şeýle hem mejlislerde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda pudagyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginde ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Dünýäniň birnäçe ugurdaş kompaniýalary täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrarlar, tejribe alşarlar. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryny, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi.