Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 07.10.2022
1642

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Wýetnam döwletiniň we halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Wýetnam Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär hem-de iki halkyň, şeýle-de sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygyň, rowaçlygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýar.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döwlet ösüşinde täze üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, bagt, jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Nguen Suan FUK,
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy, Siziň dostlukly ýurduňyza we onuň halkyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Nikos ANASTASIADIS,
Kipr Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň ýurduňyza mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, mundan beýläk-de ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ysnyşykly gatnaşyklar össün we berkesin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tamim bin Hamad AL-TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Siziň doganlyk ýurduňyza we halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Halid bin Halifa bin Abdulaziz AL-TANI,

Katar Döwletiniň Premýer-ministri,
içeri işler ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Siziň doganlyk halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdulla bin Hamad AL-TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow