Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň döredijilik kuwwaty artdyrylýar
Medeniýet
Watanymyzyň döredijilik kuwwaty artdyrylýar
Çap edildi 23.06.2022
412

Şu gün Mary welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam etdi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeni syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, iri we kiçi şäherlerde, oba ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman medeniýet we döredijilik öýleri, kitaphanalardyr konsert zallary, muzeýler we teatrlar guruldy. Olar enjamlaşdyrylyşy, döredilen şertleri boýunça paýtagtymyzyň ugurdaş binalaryndan birjik-de pes gelmeýär. Ýurdumyzda her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýändiginiň subutnamasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda iýun aýynda geçirilýän bu baýramçylyk çäreleri welaýatlaryň gözel künjeklerinde uly şatlyk bilen dabaralandyrylýar. Oňa ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen bilelikde daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşýarlar.

Şu gün bu giň möçberli döredijilik çäresi säher bilen “Zehinlije körpe” atly çagalar toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary bilen başlandy. Aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdyrylan çykyşlar oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Mary şäheriniň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň ýerine ýetiren “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly edebi-sazly kompozisiýasy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Soňra Mary şäheriniň “Joşgun” hem-de “Altyn nesil” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdymçylary özleriniň joşgunly aýdymlarydyr tanslary bilen dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Tagtabazar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary “Joşgun”, «Çeşme”, “Bahar gülleri”, “Merdana nesil” çagalar tans toparlary hem tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Milli öwüşgine baý bolan “Küştdepdi” tansyny çagalaryň döredijilik toparlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu tans ýurdumyzyň we dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkymyzyň abadan durmuşyny beýan edýän çykyşa öwrüldi. Hepdeligiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmündäki derejesiniň pugtalanýandygyny görkezdi. Ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller we bagtyýar ertirki gün baradaky arzuwlarymyzy baglanyşdyrýar.

Halkymyz nesil terbiýesine hemişe aýratyn ähmiýet beripdir. Ýaşlaryň döredijilik ukybynyň we zehininiň ýüze çykmagy ugrunda zerur mümkinçilikler üpjün edilýär. Şunda milli gahrymanlarymyzyň we nusgawy eserleriň, Watanymyza belent söýgi ruhunda, milli gymmatlyklaryň esasynda ýaşlaryň terbiýesine uly üns berilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, okamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň dünýägaraýşyny giňeldýär, olaryň höwes edýän hünärlerini saýlap almaklaryna giň mümkinçilikleri üpjün edýär.

Indi köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda çagalaryň milli we halkara derejedäki döredijilik bäsleşikleri, festiwallar geçirilýär. Oňa Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşajyk çeper höwesjeňleriň müňlerçesi gatnaşýar. Şeýlelikde, çagalaryň köptaraply zehini açylýar, olaryň ýurdumyzyň we dünýä medeniýetiniň gazananlaryna bolan söýgüsi ýokarlanýar. Asylly däbe görä, medeni çärelere diňe bir ýokary derejeli artistler däl, eýsem, ýurdumyzyň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary hem gatnaşýarlar. Ýaşajyk sazandalar, tansçylar, aýdymçylar, suratkeşler özboluşly konsert maksatnamasy bilen çykyş edýärler.

Medeni forumyň çäklerinde Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň we Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Onda türkmen we daşary ýurt nusgawy sungatynyň eserleri ýerine ýetirildi. Çykyş edenler özleriniň zehinlerini, ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Bu bolsa tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şeýle hem sazçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen wokal sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Soňra däp boýunça geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dowam etdi. Bu ýerde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen “Hajygolak” hem-de “Bakyş” atly filmleriň görkezilişi boldy. Filmleriň dowamynda görkezilýän şekiller, olardaky maglumatlar, umuman, eserleriň özboluşly aýratynlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen kino sungatynyň ösüşiniň ýokary derejä çykandygynyň we kinorežissýorlaryň yhlasly, ýadawsyz zähmeti netijesinde ajaýyp eserleriň döredilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra medeni çäreler welaýatyň Ýolöten ertabynyň çägindäki däp-dessurlar geçirilýän Baba Gammar toplumynda dowam etdi. Bu ýere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnanyp, aýdym-sazyň pirini hatyraladylar.

Rowaýatlara görä, Baba Gammar ýaly ussatlaryň zehini hem-de paýhasy bilen dutar senedi döräpdir. Dutar çalmak we aýdym aýtmak nesilden-nesle geçirilip, häzirki döwürde has-da kämilleşdi. Şeýlelikde, dutarçy bagşy-sazandalar dünýä gymmatlyklarynyň mirasynda möhüm orun eýeleýärler. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmen halkynyň ruhlandyryjysy boldy. Bu milli saz guralynyň özboluşly owazy özygtyýarly döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjiligiň, abadançylygyň, dost-doganlygyň senasyna öwrüldi.

Gadymy sungaty wagyz edijiler bagşyçylyk ýoluny dowam edýän ýaş nesilleriň arasynda aýratyn hormatdan peýdalanýarlar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzda hakyky baýramçylyk hökmünde kabul edildi. Munuň özi halk saz sungatynyň ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Bagşyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol köp asyrlaryň çeperçilik däpleri esasynda ýokary derejede kemala gelipdir we her bir nesliň ýerine ýetirijilik tejribesinde kämilleşdirilipdir. Häzirki döwürde Türkmenistanda bagşyçylyk sungatynyň ylmy esasda öwrenilmegi we onuň giňden wagyz edilmegi halk sazandalaryna, bagşylaryna aýratyn hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar.

Bu ýerde geçirilen çäre milli bagşyçylyk sungatynyň esaslarynyň üýtgewsizdigini, sazandalaryň we türkmen dessançylarynyň, bagşylarynyň nesilleriň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini, olarda halkymyzyň watansöýüjilik ruhunyň, adalatlylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň jemlenýändigini görkezdi.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewa bilen geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň, medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Watana bolan söýgini, türkmen topragynyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri wasp edýän goşgular okaldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli bäsleşikler, maslahatlar, folklor toparlarynyň çykyşlary, konsertler geçirildi. Şeýle hem bu ugra degişli okuw sapaklary, täze kinofilmler görkezildi, sungat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy, kinorežissýorlar bilen duşuşyklar we beýleki çäreler geçirildi. Foruma ýurdumyzyň dürli künjeklerinden döredijilik, sungat işgärleriniň gatnaşmaklary olaryň işjeň tejribe alyşmaklaryna, özara maslahatlaşmaklaryna mümkinçilik berdi.

Şu günleriň wakalary ýurdumyzyň medeniýet ugamynyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Şol çäreler bir bitewiligi emele getirip, Watanymyzyň bu ugurda ýeten derejesini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze belentliklere tarap okgunly hereketini açyp görkezdi.

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
05.07
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär