Şu gün Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde eden çykyşynda meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýändigini belledi. Biziň behişdi bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy bilen tapawutlanýar. Ahalteke bedewleri täze taryhy eýýamyň we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.
Döwlet derejesinde atçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana gurulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk pudagy täze ösüşlere eýe boldy. Behişdi bedewler türkmen ojagynyň hem-de toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Şu gezekki dabaralar Balkan atçylyk sport toplumynda däp bolan at çapyşyklar bilen başlandy. Şeýle toplumlar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guruldy.
Welaýatyň sungat ussatlary — meşhur estrada artistleri, bagşylar, tans we döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk mynasybetli atçylyk sport toplumynyň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Balkan welaýatynyň görnükli suratkeşlerinden başlap, döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan ýaşlar behişdi bedewlere bagyşlanan surat eserlerini görkezdiler. Şeýle-de bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň, zergärleriň, at esbaplaryny taýýarlaýan ussalaryň we beýlekileriň işleri bilen tanyşmak bolýar.
Türkmen heýkeltaraşlarynyň bu ugurda döreden işleri barada hem ýatlap geçmek gerek. Kuwwatly, buýsançly, owadan bedewleriň köp sanly çeperçilik keşplerinde çuňňur many bardyr. Munuň özi geçmişiň, şu günüň, geljegiň arabaglanyşygydyr, ajaýyp däpleriň we häzirki döwrüň, tejribäniň hem-de isleg-arzuwlaryň sazlaşygydyr.
Sergide milli saz gurallar, dutar ýasamak senetçiliginiň tärleri, ýene bir bölümde zähmet gurallary, dürli kilimler görkezildi. Zenanlar ajaýyp heňleri ýerine ýetirip, el işi bilen meşgullanýarlar, ýüň egirýärler, keçe basýarlar, haly dokaýarlar, zergärler we demir ussalary hem öz ussatlygyny görkezýärler. Bir söz bilen aýdylanda, döwürleriň, ruhy mirasyň berk arabaglanyşygy, özboluşly däp-dessurlaryň dowamatlylygy beýan edilýär. Häzirki wagtda şol däp-dessurlar diňe bir aýawly saklanman, halk zehinleri tarapyndan üstünlikli ösdürilýär.
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisiniň gymmatlyklary bedewiň tutuş taryhyň dowamynda halkymyzyň syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda Balkan welaýatyndaky «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärliginiň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar bar.
Ýurdumyzyň günbatar sebiti eýýäm birnäçe günden bäri ýetip gelýän baýramçylyk çäreleriniň mekanyna öwrüldi. Balkanabat şäheriniň merkezinde baýramçylyk konsertleri geçirildi. Olarda welaýatyň ähli etraplaryndan gelen artistleriň çykyşlary meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlandy.
Şu gün geçirilen at çapyşyklarda behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligini, güýç-kuwwatyny we ýyndamlygyny görkezdiler. Balkan atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryna atşynaslar, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar. Ýaryşyň maksatnamasyna ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda 8 çapyşyk girizildi.
1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Lebap welaýat häkimliginiň Näzik atly bedewini çapan Y.Gurbanow ýeňiji boldy.
Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1400 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Döwlet serhet gullugyna degişli Garaýel (çapyksuwary A.Ezizow) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli Abraýly diýen at (çapyksuwary G.Sapargeldiýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli Gardaşym diýen at (çapyksuwary Y.Saparow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Lebap welaýat häkimligine degişli Guwanjym diýen at (çapyksuwary T.Taýlyýew), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Döwlet serhet gullugyna degişli Gökdepe diýen at (çapyksuwary Ö.Ýalkabow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Aşgabat şäher häkimligine degişli Gaplaň diýen at (çapyksuwary B.Agamyradow) pellehana ilkinji bolup geldi.
Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşda haýsy aty çapyp ýaryşa gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Ahal welaýatyna degişli Gyzylmeýdan diýen at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary B.Sapargylyjowdyr.
Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi B.Sapargylyjow mynasyp boldy.
Baýramçylyk baýraklaryna mynasyp bolanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa pudagy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende göterilmekde, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.