Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýyllyk maliýe meýilnamasynyň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagydyr
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýyllyk maliýe meýilnamasynyň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagydyr
Çap edildi 31.10.2021
2520

30-njy oktýabr paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Kararyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy, bu taslamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklar babatynda — ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň maslahatyndan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy babatynda seljerme berildi hem-de anyk maslahatlar beýan edildi.

Hususan-da, milli Liderimiz Döwlet býujetiniň, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginleriniň saklanylmagyna, ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna, iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, ähli ulgamlara innowasiýa tehnologiýalarynyň, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň düýpli artdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagyň mümkinçiliklerini döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini oňyn çözmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň, eksport ugurly harytlaryň möçberlerini artdyrmaga, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýeterlik möçberlerde maliýe serişdelerini göz öňünde tutmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň esasy maddalaryna içgin seljerme geçirmegi, şeýle hem jemi içerki önümiň häzirki wagtdaky we deňeşdirme nyrhlarda ösüş depginleriniň garaşylýan çaklamalaryny kesgitlemegi tabşyrdy.

Şeýlelikde, Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu gezekki maslahatynyň garamagyna hödürlenilen esasy maliýe-hukuk resminamasy ykdysady strategiýadan ugur alnyp hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeler nazara alnyp taýýarlanyldy.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun ýurdumyzyň geljekki ykdysady we durmuş ösüşiniň depginlerini kesgitlemelidir. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň saklanylmagyna, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine hem-de umuman, türkmen halkynyň abadançylygynyň, her bir maşgalanyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Maslahatyň dowamynda deputatlar ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýeten sepgitlerini, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmäge esasy çemeleşmeleri hem-de ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň deputatlarynyň belleýişleri ýaly, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň dowam etdirilmegini üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmek üçin ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösdürilmegi, ýokary maýa goýum işjeňliginiň hem-de innowasiýa usullarynyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyna bölünip berilýän serişdeleriň möçberi 70 göterimden gowrak bolar, şunda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durmuş ugurlylygyny saklamak ýörelgesi üpjün ediler.

Adam mümkinçilikleriniň ösdürilmegi, ylma, bilime, saglygy goraýyş ulgamyna, medeniýete, sporta we dynç alşa, durmuş goraglylygyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýän býujet serişdeleriniň has-da artdyrylmagy maliýeleşdirilmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Geljek ýylda innowasiýalar esasynda önümçiligiň ýola goýulmagy, goşmaça bahanyň ýokary paýy bolan pudaklaryň ösdürilmegi üçin maýa goýumlaryny bölüp bermek hem göz öňünde tutulandyr.

Düýpli maýa goýumlaryň belli bir möçberleri ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygyna gönükdirilýär.

Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň maddalary aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýjileriň haklarynyň goragyny üpjün edýär, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, 10 göterim ýokarlandyrylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýän syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, geljek ýylda obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty mundan beýläk-de okgunly ösüşe eýe bolar. Ulag-kommunikasiýa we önümçilik düzümleriniň möhüm desgalaryny gurmak işleri ýokary depginlerde dowam etdiriler.

2022-nji ýyla telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.

Şol bir wagtda döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde hususy bölegiň paýyny artdyrmak, bu ulgamda täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek boýunça işler dowam etdiriler.

Bank we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek, bazar gatnaşyklaryny emele getirýän düzümleri özgertmek işleri dowam etdiriler.

“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses beren deputatlaryň pikirine görä, bu resminama oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýar, döwletiň we jemgyýetiň serişdeler mümkinçilikleri bilen berkidilendir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra deputatlar “Döwet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda”; “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”; “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” kanunçylyk taslamalaryna garadylar.

Bellenilişi ýaly, raýatlaryň we döwletiň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegi, jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermek bu hukuk resminamalarynyň esasy wezipeleridir.

“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda döwlet emlägini ynançly dolandyryşa bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenilýär, emlägiň eýesiniň hem-de ynançly dolandyryjynyň arasynda bu babatda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary kadalaşdyrylýar.

“Poçta aragatnaşygy hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda resminamanyň bu ulgamyň işiniň hukuk esasyny şeýle hem operatorlaryň, poçta aragatnaşygy hyzmatyndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýändigi nygtaldy.

Deputatlar çykyşlarynda “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň wajypdygyna üns çekdiler. Onda Döwlet ýer kadastry ulgamynda alnyp barylýan işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary tassyklanýar.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň çäklerinde “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama daşary ýurt raýatlarynyň, ýurdumyzdaky raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, şeýle hem olaryň Türkmenistanda bolmagy, zähmet çekmegi, telekeçilik we beýleki görnüşli işleri alyp barmagy bilen baglanyşykly emele gelýän ýagdaýy kadalaşdyrýar.

“Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edilen hem-de ykdysady ösüşe goşulmagyň ähmiýetini, adamzadyň geljekki durmuşynda ekologiýa durnuklylygy tassyklaýan bu resminama goşulmak kanunçylyk taýdan tassyklanylýar.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren” diýip ykrar etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Şeýle hem Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on bäşinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu agzalan hukuk namalarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirjekdigine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen okgunly ilerletmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çözülmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.10
Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara
17.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
17.10
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
17.10
Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog
17.10
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
16.10
Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi
16.10
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
16.10
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
16.10
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy özbek dilinde neşir edildi
16.10
«Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk
top-arrow