Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürýär, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary hem munuň şeýledigine aýdyň güwä geçýär.
Ýewropa döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary bu babatda nobatdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen bolan duşuşygynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taraplaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygy beýan edildi.
Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygyň meselelerinde-de başlangyçly orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ony ulgamlaýyn esasda ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň berk usullaryny döretmekde, özara düşünişmegi, anyk ylalaşyklary gazanmakda möhüm tapgyr bolan ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegi bilelikdäki işiň örän möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezmek bilen, beýleki ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine-de ýokary baha berdi. Ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, energetika, ulag ugurlary şolaryň hataryndadyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýar we bu babatda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş etmek, elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrmak bilen, ony Ýewropa ýurtlaryna ibermäge taýýardyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz strategik ähmiýetli ulag-kommunikasiýa ulgamy barada durup geçip, ony Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň wajyp bölegi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti ugra möhüm ornuň degişlidigi aýdyldy hem-de ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, ýol ulgamlaryny şu taslamanyň bähbitleri üçin ulanmaga taýýardygy tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz sebitde üpjünçilik taslamalar toplumyna Ýewropa Bileleşiginiň maýa goýum taýdan täsirli gatnaşmagynyň örän wagtynda ädilen ädim boljakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň Ýewropa bilen söwdany has-da giňeltmäge açykdygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz maýadarlara doly amatly şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygyny nygtap, Ýewropa Bileleşigine harytlary iberijileri we alyjylary goldamagyň maksatnamasyny taýýarlamak mümkinçiligine seretmek teklibini beýan etdi.
ÝB tarapyndan sebitde durmuşa geçirilýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijeli häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda hünärment bilimi babatda bilelikdäki taslamany işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmek teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz taryh, arheologiýa, etnografiýa, medeni-taryhy mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmegi öňe sürdi. Şeýle-de syýahatçylyk alyşmalarynyň, ekologiýa, etnografiýa syýahatçylygynyň belli bir maksatly bilelikdäki maksatnamalaryny taýýarlamagyň geljeginiň uludygyna üns çekildi. Şunlukda, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýandygy, bu ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardygy nobatdaky gezek tassyklanyldy.
Ýurdumyz döwletara we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli, öňdengörüjilikli esasda çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz forumdaky çykyşynda Türkmenistanyň degişli ugurda tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny nygtady. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň sebit we ählumumy häsiýetli ekologiýa başlangyçlary hem şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigini “ýaşyl” geçiş boýunça bilelikde düýpli we uzak möhletleýin işlemäge çagyrdy. Şeýle-de bu ugry «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde görkezmegiň, ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny taýýarlamagyň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklary geçirdi.
Ýewropa döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary uly ähmiýete eýe boldy. Ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýärler. Bu hakykat Parižde Gahryman Arkadagymyzyň we Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda geçirilen gepleşiklerde öz aýdyň beýanyny tapdy. Deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ikiçäk duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Prezident Emmanuel Makron Fransiýanyň strategik hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyz bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini, Ýewropada Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi. Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýar.
Milli Liderimiz we Fransiýanyň döwlet Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ýurtlarymyzyň uly mümkinçiliklere eýedigini hem-de bar bolan kuwwatlyklary has netijeli ulanmagyň zerurdygyny tassykladylar. Söwda-ykdysady ulgam, nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa we derman senagaty, oba hojalygy, ekologiýa, hususy pudak ýaly ugurlar türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlardaky gatnaşyklaryň anyk ugurlary ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy.
Agşamlyk nahary görnüşinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu formatda aprel aýynda geçirilen birinji sammitiň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” düzgünlerini goldaýandygy, Ýewropanyň «Global Gateway» ýaly başlangyçlarynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmen-fransuz syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejesine hem üns çekildi. Oňyn ösüş parlament ugry boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga-da mahsusdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistana Fransiýanyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň birnäçe saparlary boldy. Gahryman Arkadagymyz bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň we Energetika meselesi boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlislerini geçirmegi teklip etdi. Durmuş ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatdaky «Fransuz institutynyň» işiniň, şeýle hem arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Bular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Mälim bolşy ýaly, şeýle sergi eýýäm Germaniýada geçirildi. Şeýle häsiýetli gözden geçirilişi 2025-2026-njy ýyllarda Rimde guramak meýilleşdirilýär. Speleologiýa hem hyzmatdaşlygyň täze, gyzykly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa bilen Fransiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly anyk teklipleri-de beýan etdi. Munuň özi gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşandygyny bellemek gerek. Oňa Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň wekiliýet agzalary, türkmen işewürleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda eden çykyşynda fransuz işewür toparlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga mümkinçilikleri açjak birnäçe möhüm ugurlar boýunça anyk teklipleri beýan etdi. Bu teklipler dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň foruma gatnaşmagy hem-de Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky çykyşynda beren giňişleýin maglumatlary fransiýaly hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrdy. Fransuz kompaniýalaryna bildirilýän ýokary ynam üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirildi.
Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek bilen, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýär. Ýaponiýa bilen strategik häsiýete eýe bolan netijeli dialog bu ugurda üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aprel aýynda Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine amala aşyran sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.
Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde Osakada geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu ýerde eden çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
«EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony Watanymyzyň ykdysady üstünlikleri we durmuş taýdan ösüşi, ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk üçin bar bolan giň mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy, medeniýeti we sungaty barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň pawilýonynyň bu halkara gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä sergisinde Ýaponiýanyň milli pawilýony bilen hem tanyşdy.
15-nji aprelde Tokioda döwlet Baştutanymyz bilen Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada pikir alşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, döwletara dialogyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.
Şol gün Tokio şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýaponiýada Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi bellenildi. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Ýaponiýada-da goldanylýandygyna üns çekildi.
Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler döwletara gatnaşyklara uly itergi berýär. Türkmenistan we Ýaponiýa ähli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Işjeň syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge uly üns berilýär, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdepleriniň birnäçesinde ýapon dili öwredilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Özara hyzmatdaşlyk köptaraplaýyn formatda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipleri beýan etdi. Premýer-ministr Sigeru Isiba beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa saparynyň çäklerinde 14-nji aprelde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki, 15-nji aprelde bolsa Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy. Şeýle-de Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesi berildi we degişli diplom gowşuryldy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem bu abraýly bilim ojagynyň hormatly doktorydygyny bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerine ýokary baha berdi, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada anyk teklipleri beýan edip, Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli iş alyp barmagy babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bilen, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda ýokary bilim ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly Ähtnamalaryň hem birnäçesine gol çekildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň, taraplaryň gazanylan ähli ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, döredijilik mümkinçiliklerini umumy bähbitler üçin ulanmaga çalyşýar, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üpjün etmäge, ýurtlardyr halklaryň arasynda ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli dialogy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýar.