Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy amatly maýa goýum gurşawyny döretmegi, halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi, iri maýa goýumlary çekmegi hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan iri maliýe-ykdysady düzümler bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady ösüş bilen bagly işlerini karzlaşdyrmaga ýöriteleşen döwletara bank bolan Aziýanyň ösüş banky (AÖB) bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz 2000-nji ýylda bu bankyň agzasy boldy. 2010-njy ýylda bankyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy hakynda ylalaşyga gol çekildi. Aziýanyň ösüş banky bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň diňe bir Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen daşary ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirmän, eýsem, sebitiň iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin goşmaça maliýe çeşmelerini hem üpjün edýär. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda AÖB dürli ulgamlarda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşyjy hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşdy.
17-nji maýda Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiagy kabul etdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depginini nygtadylar we Aziýanyň ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilip, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan makullanan 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň esasynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu Strategiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar. Resminama üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; düzümleýin özgertmelerdir institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň Strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Bu maliýe düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanda energetika, demir ýol ulagy ulgamlarynda iki sany taslama üstünlikli amala aşyryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy AÖB-niň ýurdumyzyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömegi berýändigini belläp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.
AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda, aýratyn-da, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň bu bank üçin uly hormatdygyny nygtady. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly çözgütleri ulanmak arkaly “akylly” hem-de “ýaşyl” şäher konsepsiýalaryna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, Ähtnamada zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususan-da, suwy, energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, suwy gaýtadan ulanmak, bu ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça çäreler göz öňünde tutulandyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň 9-njy aprelinde Arkadag şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow halkara maliýe guramalarynyň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy mälim edildi.
AÖB-niň hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nazara alyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň üstünlikli alyp barýan işiniň netijesidir.
Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralary halkara ülňülere laýyk gelýär. Şäheriň saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk maksatly birnäçe desgalary öz içine alýar. Köpugurly hassahana, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, anyklaýyş merkezi şolaryň hataryndadyr. Ýokary derejeli şeýle lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermän, eýsem, ýurdumyzy lukmançylyk babatda sebitiň öňdebaryjy merkezleriniň birine öwürmäge-de şert döredýär. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy açyldy. Ol halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik sarp edilýän serişdeleri öndürýär. Lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnandyr, önümçiligiň haryt nyşany bolsa Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy bilen tassyklanandyr.
Ýokarda agzalan duşuşykda Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini belledi. Bu bolsa, öz gezeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edip, abraýly maliýe düzüminiň Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine goşýan goşandynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Türkmenistanyň we Aziýanyň ösüş bankynyň maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeleriniň, ony ösdürmek boýunça täze başlangyçlardyr teklipleriň halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine iri maýa goýumlary çekmäge, sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şähergurluşyk taslamasy — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Mälim bolşy ýaly, taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Birinji tapgyryň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygyna hususy kärhanalar — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary çekildi. Häzirki wagtda milli binagärligiň iň gowy däpleriniň we bu ugurda häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň 50-den gowrak kärhanasy we hususy telekeçiler gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň gurluşygynda ýurdumyzyň, şol sanda daşary döwletleriň iri kompaniýalary iş alyp barýarlar.
Innowasion şäher gurluşygynyň ykrar edilen nusgasy bolan täsin şäher iň soňky maglumat tehnologiýalarynyň we özboluşly binagärlik çözgütleriniň toplumyny özünde jemleýär. Şunda Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowrak güwänamasyna we diplomlara mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen ýyl bu şäher Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisiniň “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklaryna mynasyp boldy. Mundan başga-da, oňa Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen “akylly” şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň, Hytaýyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy şäheri ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň, şol sanda ony mundan beýläk-de giňeltmek we abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümleri kemala getirmek, şäher gurşawyny döretmek boýunça işleriň binýadynda ekologik çemeleşmeleriň durandygynyň aýdyň güwäsidir.
Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasy talaplaryň biridir. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly şertleri döredýär. Ähli binalardyr desgalar, iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary halkara ülňülere laýyklykda guruldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem ulanmaga berler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine amala aşyrýan her gezekki iş sapary möhüm gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşlyk bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň desgalaryň ulanyş aýratynlyklaryna, ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli gymmatly maslahatlary taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär. Ikinji tapgyryň durmuş maksatly desgalarynyň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähi, Arkadag şäheriniň metjidi we beýleki desgalar bar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze seýilgähde döredilýän amatlyklar, onuň bezeg aýratynlyklary häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Seýilgäh zolagynyň çäginde ekiljek baglar we güller bezeg aýratynlyklary bilen bitewi sazlaşygy döretmelidir. Şunuň bilen birlikde, yşyklandyryş ulgamyna, şekilli bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn ähmiýet bermek zerurdyr.
Şäheriň metjidiniň gurluşygy we oňa ýanaşyk desgalar toplumynyň bezeg aýratynlyklary barada aýdyp, hajy Arkadagymyz binalaryň bezeginde halkymyzyň ruhy dünýäsini alamatlandyrýan milli binagärlik usullarynyň ulanylmagyna hem-de ekologik ülňüleri goldaýan ugurlara aýratyn ähmiýet berilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Arkadag şäheriniň çäginde gurlan şaýoluň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagynda-da aýratyn many bar. Sebäbi bu künjek ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanydyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Arkadag şäherinde “Taýçanak” atly binanyň we “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň açylyş dabarasy boldy.
Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp üstünligi bolan Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, “Taýçanak” binasynyň ýerleşdirilmegi şöhratly bedewlerimize bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. “Taýçanak” binasynyň gaýtalanmajak gurluşy her bir adamda, şol sanda daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna eýerilmelidigini we sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iri gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe gözegçilikde saklaýar. Gahryman Arkadagymyz döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyny we öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, önümçilik desgalarynyň zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagynyň, bu işe maýa goýumlary çekmegiň zerurdygyna hemişe ünsi çekýär. Mälim bolşy ýaly, milli şähergurluşyk ulgamyny ösdürmekde aýratyn hyzmatlary we uly goşandy göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy.
Arkadag şäheri ýaşaýjylara bagtyýar we abadan ýaşaýyş üçin ähli şertleri üpjün etmek bilen, täze, döwrebap desgalaryň gurulmagy netijesinde barha ösýär. Gurluşyk ulgamyndaky döwrebap tehnologiýalar Arkadag şäherinde netijeli ulanylýar. “Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi bilen, innowasiýalar, ýokary medeni gurşawy we maýa goýum işjeňligi bolan şäher öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar.
Şeýlelikde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün edýär. Halkara maliýe düzümleriniň Türkmenistana maýa goýmaga gyzyklanmalary we isleg bildirmegi ygtybarly, jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynam bildirilýändiginiň güwäsidir.