Geçen hepdede Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän bu şanly sene agzybirligimizi we jebisligimizi, parahatçylyk, dostluk taglymatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygymyzy dabaralandyrýar.
18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dabaraly çäreler, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri guraldy. Olarda Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
12-nji maýda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz bu pudagy durnukly ösdürmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «ADNOC» kompaniýasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, BAE bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, BAE syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi hem-de ýakyn wagtda Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we Owganystanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda-da bilelikdäki işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.
14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde “PETRONAS” kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutanymyz kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda «PETRONAS» kompaniýasyna diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary saklaýan we umumy garaýşy bolan strategik hyzmatdaş hökmünde-de garalýandygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny aýdyp, gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi. Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň arasynda halkara derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini we maýa goýum Maksatnamasyny işläp düzmek, “Türkmengaz” döwlet konserniniň iri senagat kärhanalaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek, üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat, “Soňky jaň” dabarasy, Aşgabat şäheriniň güni we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çäreler, festiwallar bar. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalardyr ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hakynda-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we bu baýramçylygyň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde türkmenistanlylaryň jebisligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç güni 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara hem-de 2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Hökümet mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy maýda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz forumda çykyş edip, yslam ýurtlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli aralykdaky giňişligi birleşdirýän Ýewraziýa energetika, ulag we tehnologik guşagyny döretmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, BMG-niň, beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Hormatly Arkadagymyz döwletlerimiziň tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny, tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki köpugurly innowasion maksatnamalary, tejribe ähmiýetli, düýpli barlaglaryň taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn, yzygiderli esasda ýola goýmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygyny belledi. Yslam dünýäsinde azyk howpsuzlygyny we tehnologiýalaryň ösüşini üpjün etmek ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda, sebit we halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýändigini belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň hormatyna RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahary berildi. Oňa Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň umumy abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Kazanda geçirilen “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisinde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň milli pawilýony ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda hususy pudakda gazanylýan üstünlikler, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat hem-de milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç haty kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma Türkmenistanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda hem-de onuň bölümçelerinde Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ählumumy wehimlere netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmekde goşýan uly goşandyna aýratyn üns çekildi. Forumyň çäklerinde «Halkara gatnaşyklar: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik geçirildi. Oňa ýurdumyzdan, şeýle hem dünýäniň 7 döwletinden diplomatiýa ugrundan bilim alýan ýaşlaryň — talyplaryň hem-de magistrantlaryň 170-den gowragy gatnaşdy.
Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Maslahatda durnukly ösüşe we ekologik abadançylyga ýardam berýän amaly çözgütleri işläp taýýarlamakda sebitiň ýurtlarynyň, ylmy toparlaryň, ekologiýa ugurly guramalaryň, halkara maliýe düzümleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Kubok Arkadag şäheriniň häkimligine gowşuryldy. Toparyň agzybir türgenleriniň, tälimçileriniň we hünärmenleriniň haýyşy boýunça halkara sport ýaryşynda gazanylan pul baýragy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçiriler. “Haýyşyňyzy göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara geldik” diýip, Gahryman Arkadagymyz «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine iberen Gutlagynda belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygy, Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigi, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp bolandygy nazara alnyp, “Arkadag” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördüler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary — dürli miweleri, ir-iýmişleri gowşurdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulýan seýilgähiň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli görnüşli heýkelleriň we germewleriň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden energiýa almak üçin zerur bolan Gün panelleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle-de Ahalteke atlary şaýoly, metjit, awtomenzil, demir ýol menzili, Gökdepe şaýolunyň ugrunda durky täzelenýän köpri ýaly dürli görnüşli desgalaryň taslamalary görkezildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyk derejede, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary we häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplary nazara alnyp gurulmalydygyny hem-de bu işlere sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň talabalaýyk enjamlaşdyrylmagynyň, maýa goýum serişdelerini çekmegiň zerurdygy bellenildi.
Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiagy kabul etdi. Söhbetdeşler Aziýanyň ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan makullanan 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşe, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýän syýasatyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdi.