Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 24.05.2025
1877

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän giň gerimli çäreler aýratyn many-mazmuna eýe bolup, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynda Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny döredýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat hem ak mermerli şäherimiziň güni mynasybetli guralýar. Bu çärelerde oňa barýan adamlar Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, uly möçberli durmuş-ykdysady serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary görkeziler. Ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara forumyň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynanýaryn.

Indi köp ýyllar bäri guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Ol dürli ulgamlarda we möhüm ugurlarda ýetilen belent sepgitleri ýaýmaga mümkinçilik berýär, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu forum aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda üstünlikli amala aşyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergide hödürlenilýän taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäherimizi bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

«Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatymyzyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artýandygynyň, dowam edýän özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nyşanydyr. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde Aşgabadyň derejesi barha berkidilip, baş şäherimiziň ösdürilmegi täzeçil şähergurluşyk syýasatymyza esaslanýar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly dostlar!

Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Aşgabat ýurdumyzyň iri syýasy-dolandyryş, ylmy, medeni, senagat, söwda we ulag merkezi bolmak bilen, uly ykdysady, ylmy mümkinçiliklere hem eýedir. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, umumy orta bilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, ilata hyzmat edýän desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, şeýle hem ýaşaýjylaryň dynç almagy üçin niýetlenen seýilgähleriň gurluşygy işjeň alnyp barlar. Döwrebap desgalary bilen haýrana goýýan paýtagtymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem dowam etdireris.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň paýtagtyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow