Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 13.10.2021
2264

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy. Gün tertibine sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, ekologiýa ugrundaky göreşde, sanlylaşdyrmagy, ykdysadyýeti ösdürmekde hem-de durmuş özgertmelerinde zenanlaryň orny bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Forumyň işine zenan parlamentariler, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, iri korporasiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halkara zenanlar hereketiniň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, bu forum ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentde işleýän beýleki kärdeşleri bilen pikir hem-de tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Milli parlamentimiziň wekilleri “Diplomatiýany, parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde zenanlaryň wezipesi” atly umumy mejlisde çykyş edip, foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentara gatnaşyklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, integrasiýa işlerini giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde beýan eden sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, täze ulag geçelgelerini döretmek, energetika we suw diplomatiýasy babatyndaky Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň ähli döredijilikli teklipleriniň Milletler Bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylandygyny bellemek gerek. BMG tarapyndan 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanylmagy barada hem durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän gender syýasaty hakynda-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylykda döwleti dolandyrmaga erkekleriň we zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyny, zenanlaryň ykdysady taýdan özygtyýarlylygy üçin deň mümkinçilikleri döretmek hem-de olaryň iş şertlerini gowulandyrmakda hukuk gurallarynyň we kepillendirmeleriniň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar tutuş dünýäde howpsuzlygy, durmuş rowaçlygyny üpjün etmek, saglygy goraýşy ösdürmek hem-de ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 15-nji oktýabra çenli dowam etjek forumyň iş maksatnamasy umumy mejlislerden, strategik mejlislerden, pikir alyşma, şol sanda jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri meýdançalaryndan, işewürlik dialoglaryndan, forsaýt mejlislerinden we beýlekilerden ybaratdyr.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow