Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 06.05.2021
2405

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, dostluk goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.

Soňra söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara giňişlikde utgaşykly özara hereketleri ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Si Szinpin soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, şol hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar.

Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we himiýa senagaty hem-de beýleki köp sanly ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Olar boýunça tagallalary birleşdirmegiň uly mümkinçilikleri bardyr.

Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi, ilkinji nobatda bolsa, üstünlikli ulanylýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bilen baglanyşykly taslama amala aşyryldy. Bu gün şol gaz geçiriji boýunça türkmen tebigy gazy HHR-e iberilýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Munuň özi iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň üstüniň iki ýurduň arasyndaky we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlyk bilen ýetirilýändigini nygtady. Türkmenistan mundan beýläk-de bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklap, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gepleşikleriň gadymy dostlugyň binýadyna esaslanýan köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Taraplar bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem-de pandemiýa garşy durmakda toplanan tejribäni alyşmagy göz öňünde tutýandyklaryny tassykladylar. Umumy pikire görä, diňe bilelikdäki tagallalardyr utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmak mümkindir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyna saglygy goraýyş ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýene-de bir gezek birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de döwlet ösüşiniň saýlanyp alnan ýolunda üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
«Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan» for­ma­tyn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gynyň ýo­ka­ry de­re­je­li Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ÝÜZ­LEN­ME­SI
22.08
Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bilelikdäki Beýannamasy
22.08
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
22.08
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
top-arrow