Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Syýasy habarlar
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Çap edildi 22.08.2025
2416

Şu gün  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy. 

Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň  baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow