Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,9 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,3 göterim artdy.
Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 17,6 göterim artdy.
Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 152,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 85,2 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Ýanwar-fewral aýlarynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň hem-de inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, maliýe-ykdysady toplumyň ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda ykdysadyýetiň pudaklarynda emele gelen ähli meselelere düýpli seredilendigini, olary çözmek üçin zerur çäreleriň bellenilendigini, ýöne bellenen şol çäreleriň köpüsiniň heniz amala aşyrylyp başlanmandygyny aýtdy.
Eýýäm ýylyň iki aýy geçdi. Heniz bu ugurda bölünip berlen serişdeler özleşdirilmeýär. Sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işleri haýal alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Mundan başga-da, dünýä ykdysadyýetindäki we goňşy ýurtlardaky ýagdaýy seljerip durmak wajypdyr. Şundan ugur alyp, şu ýyldaky görkezijilere düzediş girizmek hem-de garaşylýan çaklamalary taýýarlamak möhümdir. Umuman, dünýä ykdysadyýetinden ugur alyp, indiki hepdede ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklaryndaky ýagdaýlar ýene-de bir gezek seljeriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 100,5 göterim, benzin öndürmek boýunça 105,9 göterim, dizel ýangyjy boýunça 102,3 göterim, polipropilen boýunça 103,3 göterim, çalgy ýaglary boýunça 104,6 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 110,2 göterim, “mawy ýangyjyň” eksporty boýunça 108,5 göterim ýerine ýetirilip, maýa goýumlaryny özleşdirmek 118,8 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan zerur kömegiň berilýändigine garamazdan, toplumyň pudaklarynda heniz oňyn öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem ähli pudak edaralary diýen ýaly meýilnama tabşyrygyny yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýärler.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ýagdaýy düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin teklipleri bermegi tabşyrdy. Toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljerip, gerek bolsa, ýaş, başarnykly, iş we ýurdumyz üçin ähli tagallalary edip, yhlasly işlejek täze ýolbaşçylary gözlemeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Gurluşyk we senagat toplumynda 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 129,8 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 116,5 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 105,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102 göterime barabar boldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümler we ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 118,8 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 113 göterime deň boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüşi 111,4 göterime deň bolup, meýilnama 119,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 105,2 göterim ýerine ýetirildi, onuň eksporty boýunça meýilnama 132,6 göterime barabar boldy. Ösüş, degişlilikde, 105,2 göterime we 122,7 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama ýylyň başyndan bäri 171,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 148,7 göterime barabar boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 113,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýubileý ýylynda dürli desgalary işe girizmek boýunça örän köp çäreleriň bellenilendigini, olarda işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içinde halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça iri taslamalary çalt tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň amala aşyrylmagynyň uly tagallalary we ähli işleriň talabalaýyk guralmagyny talap edýändigini nygtady.
Şeýle hem wise-premýere gurluşyk we senagat pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpräk çekmek, garamagyndaky kärhanalary hususylaşdyrmak baradaky meseleleriň üstünde işlemek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli aýdylanlary seljermek hem-de zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda, dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111 göterime, önüm öndürmek boýunça ösüş 125,1 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, şol sanda pagta ýüplüginiň, nah matalaryň çykarylyşynyň möçberi boýunça ösüş, degişlilikde, 115,8 göterime we 100,1 göterime, tikin we trikotaž önümleri boýunça 121,7 göterime, gön önümleri boýunça 104,5 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürilişiniň meýilnamasy 109,9 göterim berjaý edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 48-si geçirilip, 5 müň 157 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 103,1 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça iki aýda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüşi 122 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 101,7 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň ýakyn döwür üçin wezipelerini seljermegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda bellenen çäreleri çaltrak amala aşyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 45 görnüşi neşir edildi.
Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça 469 ylmy temanyň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly hojalyk hasaplaşygyna geçirildi.
Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler dowam etdirildi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX Türkmen-german forumy hem-de Türkmen-koreý iş toparynyň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen “Sputnik-V”, “EpiWakKorona” waksinalary hasaba alyndy we degişli şahadatnamalar berildi.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.
Ýanwar-fewral aýlarynda halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ministrlikleri bilen teleköprüler arkaly duşuşyklar, şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň üstünde hemişe işlemegiň zerurdygyny nygtady. Şunda iň gowy milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, okuw kitaplaryny we serişdelerini täzeläp durmaga aýratyn üns bermegiň derwaýysdygy bellenildi.
Milli Liderimiz gowy taýýarlykly ýaş hünärmenleri ýetişdirmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýolbaşçylarynyň işgärleri, mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň üstünde hemişe işlemelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, beýleki ýurtlaryň bu ugurdan belli bir netije gazanan okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmagy guramagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere geçirilýän işleri seljermek hem-de ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleri görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe olar meýilnamany 111,7 göterim ýerine ýetirdiler.
“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş 110,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 109,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler geçirildi.
Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak, degişlilikde, 104,5 göterim we 111,8 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş depgini 107,4 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynda işleriň talabalaýyk däldigini belledi, şoňa görä-de, çözülmegi talap edýän wezipelere üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Gürrüň, hususan-da, ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek, täze howa menzillerini gurmak, elektron hyzmatlary we elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak barada barýar.
Milli Liderimiz bu soraglary çaltrak seljerip, işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe baýramçylyklara, şanly senelere hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilendigi bellenildi.
Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işine sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha işjeň ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleriň birnäçesi, şol sanda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we türki dilli döwletleriň halk saz gurallary orkestrleriniň göni wideoaragatnaşyk arkaly konserti geçirildi.
Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de döwrüň talabyna laýyklykda we dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan–— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarymyz, berkarar döwletimiziň şanly ýubileýi köp ugurlar boýunça, ykdysadyýetde hem, syýasat we taryh boýunça hem işlemek üçin giň mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini işjeň wagyz etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň, täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýere arassaçylyk, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreleri giňden düşündirmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga uly üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 104,1 göterime deň boldy. Şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,1 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 163,8 göterim ýerine ýetirildi.
Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary döredilip, olar ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerine paýlanyp berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilýär, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwlaryny tutmak işleri alnyp barylýar. Şol işler bilen bir hatarda gowaça ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, onuň we gözegçilik edýän ministrliginiň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daýhan birleşikleri bilen köpräk işlemegini tabşyrdy.
Döwletimiz köp möçberde döwlet serişdelerini harç edip, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin iň täze traktorlary we beýleki tehnikalary satyn alýar. Pudagy tohum hem-de mineral dökünler bilen üpjün edýäris. Oba ýerlerinde täze-täze şäherçeleri gurýarys. Emma, muňa garamazdan, özümizi ýurdumyzda öndürilen zerur möçberdäki oba hojalyk önümleri bilen üpjün edip bilmeýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudakdaky işleriň ýagdaýyny seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi hem-de geçiren işleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda DIM-niň alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesini amala aşyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler geçirildi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri we mundan beýläk özara hereket etmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Iki ýurduň Liderleri teleköpri arkaly ulag, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň iri desgalarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Şol taslamalar türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy.
Mundan başga-da, ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň onlaýn görnüşde duşuşygy geçirilip, onuň dowamynda iki döwletiň Liderleri Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky hökümetara Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyny guramak boýunça degişli işler dowam edýär.
Hasabat döwründe onlaýn görnüşde dürli derejedäki duşuşyklaryň 264-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň ilkinji iki aýynda resminamalaryň 16-syna gol çekildi.
DIM-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara yzygiderlilik häsiýeti mahsusdyr.
Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirmek arkaly, Türkmenistanyň ýakyn goňşy ýurtlar, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary maksadalaýyk giňeldýändigini, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza daşary ýurtly hyzmatdaşlardan dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ençeme oňat teklipleriň gelip gowuşýandygyny, munuň bolsa Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. DIM bu teklipleri içgin öwrenmelidir we şondan ugur alyp, alnyp barylýan işleri utgaşdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Daşary işler ministrligine degişli meselelere golaýda garalandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bildirilýän talaplara laýyklykda, bu wezipeleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, Garaşsyz döwletimiziň ýokary depginlerde ösmegini dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim, oba hojalygynda hem ösüş depgini 3,1 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwdada 12,8, ulag-aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan dürli desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen amala aşyrylýandygyny belledi. Bularyň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalardyr. Umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan gurluşyk işlerini ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň ýerine ýetirýändigi aýratyn ýakymlydyr.
Emma häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlary nazara alanyňda, gazanan ösüş depginimizi peseltmän saklap galmak biziň üçin has hem möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýaňy-ýakynda ähli pudaklarda bar bolan kemçilikler düýpli seljerildi, olary düzetmek üçin hökmany ýerine ýetirilmeli çäreler bellenildi. Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de syýasy we ykdysady reformalary geçirmegiň, bilim, saglygy goraýyş, sanly ulgam we ekologiýa ugurlarynda özgertmeleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.
Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary, aýratyn-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerler häkimler bilen bilelikde özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamalydyr.
Pudaklarda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, ýubileý mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleler bilen gyzyklanyp durmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýer E.Orazgeldiýewe iberdi we bu ekologiýa çäresiniň 20-nji martda geçiriljekdigini nygtady. Emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, bag ekmek dabarasyny hem-de Halkara Nowruz baýramy bolan Milli bahar baýramyny her welaýat we Aşgabat şäheri öz çäklerinde belläp geçmelidir.
Duşenbe güni, 8-nji martda ýurdumyzda ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni dabaraly belleniler. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada hem karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinden «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglary we sowgatlary jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurmagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny bolsa Aşgabat şäher häkimliginde gowşurmagy şäheriň häkimine tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatlarda sylaglary we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ähli zenanlary baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.