Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek
Jemgyýet
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek
Çap edildi 04.09.2025
70

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlap alan parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlydygyny görkezýän umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sentýabr aýynda dabaraly bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bu baýramy agzybir halkymyz egsilmez buýsanç duýgusy we uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Bu şanly sene biziň her birimizi täze belent maksatlara ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her bir mejlisi döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli çäredir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli guramaçylyk topary döredildi. Ol bu ugurda toplumlaýyn işleri alyp barýar. Şunda mejlisiň maksatnamasyny, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak, raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere we beýleki ýüztutmalara seretmek, hasaba almak we ulgamlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary guramak, öňde boljak çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli forumyň gün tertibine alnyp barlan işleriň netijelerine, gazanylan üstünliklere we ýetilen sepgitlere seretmek, ýakyn hem-de uzak möhletleýin geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek, olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler giriziler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň giň jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini bellemek gerek. Munuň özi raýatlaryň özleriniň we Watanymyzyň geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýändiklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasy strategiýasynda dowamat tapmagy esasynda ýurdumyzda hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryşyna halkyň gatnaşmagy bilen bagly milli tejribäniň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ösdürilmegi arkaly jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu işlerde Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Onuň işi Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, demokratik, açyklyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna wajyp ähmiýet bermek, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adamyň azatlyklaryna, hukuklaryna hormat goýulmagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek, jemgyýetçilik garaýşynyň göz öňünde tutulmagy ýaly ýörelgelere esaslanýar. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däpleriniň häzirki döwrüň zerurlyklary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar. Şunda Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendigi bellenildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşler gazanyldy. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünliklere beslenýändigini nygtady. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit soraglary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

Diýarymyz şu ýyl şanly senäni — hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Şanly ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda halkara derejede üç gezek ykrar edilen Watanymyzyň Bitaraplygynyň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygy bolup durýandygyny aýtdy. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Biz dünýä bileleşigi bilen umumadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine daýanýan gatnaşyklary amala aşyrýarys. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gatnaşyklaryň şeýle görnüşi Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirer. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Arkadagymyz oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde bu boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler, giň gerimli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde Diýarymyz durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar.

29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça beýan edilen maglumatlary muňa aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň, bölek satuw haryt we daşary söwda dolanyşyklarynyň hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar gurlup ulanmaga berildi. 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze desgalary, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky orta mekdepler, çagalar baglary şolaryň hataryndadyr.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda umumymilli foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleriň seljerilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, maýa goýumlaryň esasy böleginiň täze önümçiliklere gönükdirilmegine, pudaklara sanly ulgamyň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hususy telekeçiligiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi.

“Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, alnyp barylýan özgertmeler syýasatyna öz mynasyp goşandyny goşup, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmalydyr” diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde-de dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin agzalan ugurlar boýunça täze teklipleriň üstünde işlenilmelidigini aýtdy. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ähli toparlarynyň wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilip, olary çözmäge işjeň gatnaşdyrylýandygyny bellemek zerurdyr. Türkmenistanlylar Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, öz zähmeti bilen alnyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halky gadymdan bäri ýaşululara uly hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesine daýanmak bilen, il içinde sarpalanýan ýaşuly nesliň wekilleriniň parasatly maslahatlaryna aýratyn gadyr goýýar. Olar jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, ýaşlary çuňňur watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda, milli gymmatlyklaryň, belent adamkärçilik ýörelgeleriniň esasynda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Halk Maslahatynyň mejlisine utgaşykly taýýarlyk görmegiň çäklerinde 20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geňeşiň guramaçylyk we beýleki degişli meselelerine garaldy hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şunuň bilen baglylykda, geňeşiň agzalarynyň degerli teklipleri Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmekde uly goşant bolýar.

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir adamyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy maksady bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýdyp, ýaş nesle aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş etmek baradaky türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belledi. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalar babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda, döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wajyp orny eýeleýändiklerini nygtady. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” hem-de “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibi giň mazmuna eýe bolar. Umumymilli forum zähmetsöýer halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we agzybirliginiň beýany bolmak bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypany ýazar. Onda kabul ediljek çözgütler bolsa Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýolunda täze üstünliklere ýetmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
04.09
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek
04.09
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
04.09
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany
03.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy
03.09
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow