Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany
Çap edildi 04.09.2025
4526

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust aýyndaky täze sany okyjylara ýetirildi. Däp bolşy ýaly, neşir eşretli eýýamymyzda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere türkmen ýaşlarynyň goşýan goşandyny wasp edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk maslahatynyň Prezidiumynyň  mejlisinde kabul edilen Kararlar baradaky makala žurnalyň ilkinji sahypalarynda öz beýanyny tapypdyr.

«Ýaşlar forumy: röwşen geljegiň täze gözýetimi» atly makalada awgust aýynda Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyrlan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirlen halkara Ýaşlar forumynyň ýokary ruhubelentlige eýe bolandygyna üns çekilýär. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahata giň orun berlip, forumyň geçiş tertibi baradaky makalalar okyjylara iňlis dilinde-de ýetirilýär. 

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin»  atly halkara sergi-ýarmarkasyna bagyşlanyp ýazylan makala  bagtyýar çagalygy wasp edýär. Rus dilinde beýan edilýän « Ylym we tehnologiýa täzelikleri» atly makalada döwrüň ösen tehnalogiýalary barada gyzykly söhbet açylýar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp ýazylan makala bolsa, halypa şahyryň döredijiligine bagyşlanýar. Modell-Weil teoremasy barada iňlis dilinde berlen makala hem ünsüňi özüne çekýär. 

Žurnalyň ahyrky sahypalarynda aýlyk täleýnama orun berlipdir. Žurnalyň iň bir özüne çekiji sahypalarynyň hatarynda duran «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasydyr. Elektron neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär. 

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow