Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
Çap edildi 01.09.2025
54

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy!

Hormatly döwlet we hökümet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy köpýyllyk asylly däbe öwrüldi. Munuň özi hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär diýip hasaplaýarys. Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

Şu gün guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Ykdysady ulgam Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýar. Ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görýäris. Ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär. Türkmenistan bilen ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli we özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit, halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynanýaryn. Şunda ulag ugruny aýratyn bellemek isleýärin. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys.

Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, biziň obýektiw artykmaçlyklarymyzy, özara bähbitlerimizi, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagymyzy nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagy maksadalaýyk bolardy. Şunda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn nygtamak gerek. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys.

Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. ŞHG-ä agza birnäçe döwletler bu foruma iň ýokary derejede gatnaşdy. Munuň üçin men olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine umyt edýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsüňizi çekmek isleýärin. Biz bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardyrys.

Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn.

Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys.

Aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistan häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýär. Gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip edýäris. Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys.

Senagat kooperasiýasy tagallalary birleşdirmek üçin ýene-de bir ugur bolup durýar. Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, biz senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardyrys.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Men öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe, gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine berk ynanýarys.

Şu günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr. Şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Soňky habarlar
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.09
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow