Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 27.10.2020
4084

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň her çärýekde neşir edilýän nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden wideoçykyşlary bilen başlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşlarynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegini esasy ugur edinýän döwletimiziň strategik meýilleri kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir. Okyjylara hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda «Döwletliligiň, demokratiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ösüşi» atly makala bar. Onda täze wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmeginiň we onuň düzümine girýän palatalaryň döwletimizi hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen işiniň ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan işine garalýar. Onda özüniň baky Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistan parahatçylyk söýüji döwletiň nukdaýnazaryndan çykyş edýär we milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri alyp barýar. Türkmenistanyň indi altynjy gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy ýurdumyzyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş, şeýle hem adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda kesgitlenen esasy demokratik hukuklara we azatlyklara hormat goýmak hem-de olary ykrar etmek türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly guramalaryň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan adam hukuklary baradaky esasy halkara namalary tassyklady we öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hukuk ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalda ýerleşdirilen «Halkara ynsanperwer hukugy: hukuk kadalaryndan — hereketlere» atly makala okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Onda milli kanunçylygymyzy halkara hukuk kadalaryna utgaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine üns berilýär. Makalanyň awtory, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň hukuk meseleleri boýunça geňeşçisi Liana Kurbatowa: «Türkmenistan 1949-njy ýylyň Ženewa konwensiýalaryna hem-de olara 1977-nji ýylyň iki sany goşmaça Teswirnamasyna gatnaşyjy bolmak bilen, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutup, şol şertnamalara laýyklykda, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge çalyşýar» diýip belleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň milli kanunçylygyny halkara ynsanperwer hukugynyň degişli kadalaryna laýyk getirmek boýunça anyk mysallar getirilýär. Awtor halkara ynsanperwer hukugy meseleleri boýunça dürli döwletleriň we düzümleriň hyzmatdaşlygy, özara goldawy milli derejede bolşy ýaly, halkara derejesinde utgaşdyrmagyň netijeli serişdeleriniň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Žurnalda birnäçe pudaklaryň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, «Saglyk — howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýol» atly makalada milletiň saglygyny goramak we berkitmek meselelerine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň esasynda garalýar. «Türkmenistanda administratiw kanunçylygyň konstitusion hukuk ýörelgeleri we ösüş ugurlary» atly makalada ýurdumyzda milli kanunçylygyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdylýar. Žurnalda ýerleşdirilen «Döwletiň we hukugyň taryhynda Konstitusiýanyň orny» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Onda döwlet dolandyryş ulgamynda, syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklary kadalaşdyrmakda kanunçylyk esaslarynyň tassyklanmagy bilen baglanyşykly örän gyzykly taryhy maglumatlar getirilýär. Bu neşir «Senenama» ady bilen berilýän maglumatlar toplumy bilen jemlenýär. Onda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde guralan maslahatlar barada maglumatlar berilýär.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow