Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen paýtagtynda we Mary welaýatynda täze mekdepleriň açylyş dabaralary boldy
Jemgyýet
Türkmen paýtagtynda we Mary welaýatynda täze mekdepleriň açylyş dabaralary boldy
Çap edildi 01.09.2020
2110

Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaý emele geldi. Dabara mynasybetli mekdebiň çäklerini owadan şarlar, dürli öwüşgindäki bezeg serişdeleri we baýdaklar bezedi. Aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bu waka ajaýyp öwüşgin çaýdy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda däp bolan toý bagy kesildi — Türkmenistanyň täze bilim syýasatynyň nyşany bolan mekdep okuwçylar we dabaranyň myhmanlary üçin gapylaryny giňden açdy. Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär. Bu ýerde okuw derslerini, terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri, okuwçylaryň bilimini artdyrjak çäreleri guramak üçin hemme şertler döredilipdir. Synp otaglary we iş otaglary häzirki zaman multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edilipdir. Ýöriteleşdirilen toplumda innowasion taýdan okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, taýýarlaýyş toparyndan başlap, esasy dersler bilen bir hatarda, türkmen, iňlis we rus dilleri çuňlaşdyrylyp öwrediler, zerur bolan ýagdaýynda bolsa beýleki daşary ýurt dilleri hem öwrediler. Şeýle hem okuw maksatnamasy aýdym, çeper döredijilik, tehniki gurnama ýaly dersler we beýlekiler bilen baýlaşdyrylypdyr. Goşmaça okuwlar okuwçylaryň başarnyklaryna görä guralar. 5-nji synpdan başlap, iňlis dilindäki dersleriň sany artdyrylar, 6-njy synpdan başlap, mekdebiň okuw meýilnamasynyň esasynda käbir dersleri iňlis diline geçirmek maksat edinilýär. Bu ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň taýýarlaýyş toparynda günüň ikinji ýarymynda ýaş aýratynlyklaryna, körpeleriň ukyplaryna laýyklykda, akyl ýetiriş oýunlary arkaly okatmagyň häzirki zaman usullarynyň kömegi bilen daşary ýurt dillerini, surat çekmegi, aýdym-sazy, tans etmegi, hereketli oýunlary öwretmegi guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem çagalar öz gyzyklanmalaryna görä, aýdym-saz, surat çekmek, sport gurnaklaryna çekiler. Täze 2020-2021-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylary bu ýöriteleşdirilen mekdebe söhbetdeşlik esasynda, taýýarlaýyş toparyna bolsa 5 ýaşly çagalar kabul edildi. Birinji synpa 6 ýaşly çagalar alyndy, beýleki mekdeplerden bu mekdebe geçmek islänler 2 synpdan geçirildi. Mekdepde ene-atalaryň islegine görä, uzaldylan günüň topary işlär. Çagalaryň ygtyýarynda uly we kiçi sport zallary hem-de mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen, açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen sport meýdançalary bar. Mekdep okuwçylaryny dürli tarapdan terbiýelemek üçin zähmet okuwynyň otaglary hem göz öňünde tutulypdyr. Şolarda gyzjagazlar tikin tikmegi, nagyş etmegi, milli naharlary taýýarlamagy, oglanjyklar bolsa agaç ussasynyň we kebşirlemek işiniň başarnyklaryny, zergärçilik ussatlygynyň syrlaryny ele almagy öwrenerler. Mundan başga-da, mekdebiň okuw-tejribe zolagynda howanyň ýagdaýyny synlamak üçin meteorologiýa stansiýasy hem-de meýdany 250 inedördül metr bolan ýyladyşhana guruldy. Bu ýerde okuwçylar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda agaçlaryň, bakja ekinleriniň we gülleriň dürli görnüşleriniň nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny özleşdirerler.

* * *
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda 320 orunlyk iki gatly täze mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze desga “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tagallalary bilen bina edildi. Umumy meýdany 2550 inedördül metr bolan döwrebap bilim edarasy hormatly Prezidentimiziň öňe süren milli maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli guralan dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, mugallymlar, mekdep okuwçylary we gurluşykçylar gatnaşdylar. Bu ýerde kompýuter, lingafon, multimediýa otaglary, sport zallary, naharhana, maslahatlar zaly, lukmançylyk bölümi, kitaphana, aýdym-saz otagy bar. Olarda çagalaryň okamagy üçin hemme zerur şertler döredildi. Açylyş dabarasynyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna kybap gelýän döwrebap desgany bina etmäge gatnaşan tapawutlanan ýerli gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Mekdebiň ulanmaga berilmegi mynasybetli bilim işgärleriniň ählisiniň adyndan gutlag sözleri aýdyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ýerde ähli zerur şertler döredildi.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow