Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — Germaniýa: ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — Germaniýa: ýokary lukmançylyk tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 20.01.2020
975

Saglygy goraýyş ulgamynda giňelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen ýokary derejeli hünärmenleriň nobatdaky topary Aşgabatda iş saparynda bolýarlar. Iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmek we özleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenip, onuň amala aşyrylmagyna nemes lukmanlary hem uly goşant goşýarlar. Ençeme ýyllaryň dowamynda GFR-den bolan professorlaryň gatnaşmagynda işjeň ösdürilýän gatnaşyklaryň barşynda türkmen lukmanlarynyň hünär derejesi ýokarlandy, lukmançylyk iş tejribesine keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze usullary ornaşdyryldy. Öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda öz işine wepaly ussat lukmanlar zähmet çekýärler, milli saglygy goraýyş ulgamynda ýaş işgärleriň mekdebi kemala geldi. Lukmançylykda keseliň ilkinji alamatlary peýda bolýança keseli ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän skriningiň, şeýle hem kiçi infaziw hirurgiýa operasiýalary geçirilende laparoskopiýanyň, döwrebap kardiohirurgiýa operasiýalary geçirilende artroplastikanyň ulanylmagy netijesinde saglygy dikeltmek hem-de köp adamlaryň ömrüni uzaltmak mümkin boldy. Şu günler Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde germaniýaly professorlar — otorinolaringolog Ýohannes Senk hem-de anesteziolog Klaus Çaýkowskiý türkmen hünärmenleri bilen bilelikde ilkinji gezek ýurdumyzda häzirki zaman hirurgiki bejeriş usulyny — kohlear implantaty oturtmak operasiýany üstünlikli amala aşyrdylar. Bu operasiýa neýrosensor gulagagyrylylygy bejermegiň döwrebap hirurgiýa usuly bolup durýar. — Kohlear implantaty eşitmekden galan we doly mahrum bolan hassalary bejermegiň has netijeli usuly bolup, ol haçan-da, gulak enjamlary kömek edip bilmedik ýagdaýynda eşitmegi dikeltmäge ýardam edýär — diýip, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Augsburg şäheriniň Otorinolaringologiýa uniwersitet klinikasynyň direktory Ýohannes Senk gürrüň berýär. — Ýörite elektron enjam sesleri tutýar we olary gulagyň içine gönükdirilýän elektrik impulslara öwürýär, bu bolsa näsaga eşitmäge mümkinçilik döredýär. Enjam iki bölekden: içerki we daşarky böleklerden ybaratdyr. Daşarky bölegi kelläniň üstünde gulagyň arkasynda berkidilýär. Ol mikrofondan, ses prosessordan we daşarky katuşkadan ybaratdyr. Operasiýa wagtynda enjamyň daşarky böleginden içerki gulaga ýörite elektrod çekilýär. Sesler mikrofonyň kömegi bilen tutulýar, soňra daşarky audio prosessor bilen ses signallaryna öwrülýär hem-de elektrodyň kömegi bilen içerki gulaga geçirilip, gulak nerwlerini herekete getirýär. Olar, öz gezeginde, kabul edilen signallary beýnä ugradýar, ol bolsa signallary seslere öwürýär. Hassa olary dörän dessine eşidýär. Lukmançylyk boýunça nemes hünärmenleriniň köpüsi ýaly Ýohannes Senk Türkmenistanda birnäçe gezek bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde türkmen-german gatnaşyklary yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ine-de, türkmen saglygy goraýyş ulgamyny, hususan-da, otorinolaringologiýany täze derejä çykarmak we onuň mümkinçiliklerini giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim ädildi. — Gulak, burun we bokurdak keselleri ahyrynda maýyplyga sezewar edip bilýär. Bu meselede dikeldiş terapiýasy zerur bolup durýar. Biz eşitmek bilen gatnaşykda bolup, daşarky seslere täsir edýäris diýip, doktor Senk gürrüň berýär. – Daşky gurşawy eşitmezlik ukypsyzlygy adamy bolup geçýän wakalardan üzňe duýmaga mejbur edýär, bu bolsa belli bir derejede onuň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Kohlear implantatanyň oturdylmagy hassanyň eşitmegini dikeltmäge mümkinçilik berýär, diýmek, özbaşdak bolup täze mümkinçilikleri açyp, gürleşmekden we daşarky seslerden lezzet almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa gudrat däl-de, eýsem, ýokary tehnologiýalar bolup, olar türkmen lukmançylygynda giňden ýaýraýar. Aýratyn-da, Ýohannes Senk Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde ajaýyp şertleriň döredilendigini belledi, bu ýerde lukmanlar dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalaryny öndürijileriň enjamlaryna erk edýärler. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda innowasion lukmançylyk düzüminiň döredilmegine uly üns berip, ähli iri ugurdaş desgalaryň gurluşygyna we üpjünçiligine hut özüniň gözegçilik edýändigine haýran galandygyny aýtdy. — Pursatdan peýdalanyp, men, döwlet Baştutanyna türkmen kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Siziň ýurduňyzyň lukmanlary bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de öz işimi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanýan üstünliklerine goşmak meniň üçin uly hormatdyr — diýip, doktor Ýohannes Senk belledi. Anesteziolog, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Erlangen şäheriniň uniwersitet anesteziologiýa klinikasynyň baş lukmanynyň orunbasary Klaus Çaýkowskiý hem onuň pikiri bilen doly ylalaşýar. Ol hem german we türkmen lukmanlarynyň arasynda tejribe we bilim alyşmak işine yzygiderli gatnaşýar. Myhmanyň gürrüň berşi ýaly, kohlear implantatany oturtmak boýunça geçirilen hirurgiýa operasiýasy örän çylşyrymly, emma çaganyň geljekki ykbaly üçin örän möhüm bolup durýar. Operasiýadan soň dikeldiş işlerini geçirmek keseli bejermegiň zerur bölegi bolup, onuň barşynda uýgunlaşma, eşidiş we sözleýiş ukyplary dikeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen lukmanlarynyň ýokary nazaryýet we amaly taýýarlygy, şeýle hem nemes hünärmenleriniň baý tejribesi hem-de biziň lukmançylyk merkezlerimiziň tehniki binýady, şol sanda nemes lukmançylyk tehnikalaryndan ybarat bolan binýady bu gün hassalar bejerilende iň gowy netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, Klaus Çaýkowskiý Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde lukmanlar üçin, şeýle hem hassalar üçin şol sanda körpe näsaglar üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini belledi. — Munuň özi türkmen Lideriniň halkyň saglygy, döwrebap lukmançylygyň ýokary tehnologiýaly hyzmatlaryna birmeňzeş we erkin mümkinçiligi döretmek barada edýän aladasynyň aýdyň subutnamasydyr — diýip, nemes professory belledi. Germaniýa Ýewropa lukmançylygynda ykrar edilen öňdebaryjy döwletdir. Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamynda bu ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlap, innowasiýalary, keselleri anyklamagyň täze usullaryny, kliniki we dessin goşulmalary, operasiýadan soňky dikeldiş işlerini milli tejribä ornaşdyrmaga tarap gönükdirýär. — Türkmenistanda lukmançylygy ösdürmekde esasy işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup durýar diýip, nemes hünärmenleri türkmen saglygy goraýyş ulgamyna we lukmançylyk ylmyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanyna uly hormatlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow