25.04
2015
Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde ählihalk tarapyndan bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda çapyşyklar geçirildi. Onuň guramaçylary hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy çykyş etdiler.
24.04
2015
Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.
24.04
2015
Çanakgala, 24-nji aprel (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde Birinji jahan urşunyň iň uly söweşleriniň biri bolan Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
23.04
2015
(Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 23-nji apreli)
Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalary!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
23.04
2015
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ganatly bedewleriň hormatyna milli baýrama gabatlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi.
23.04
2015
Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi.
23.04
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda bolar. Şol gün bu ýerde Birinji jahan urşunyň barşynda ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen Çanakgala (Dardanel bogazy) söweşiniň gahrymanlarynyň ýadygärliginiň hormatyna dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler.
23.04
2015
Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
22.04
2015
Aşgabat, 22-nji aprel /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadriden ynanç hatyny kabul etdi.
22.04
2015
Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.