Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 22.04.2015
1232

Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklaryň esasyny Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň halklaryny birleşdirýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary düzýär. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de netijeli häsiýetini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar we geljek üçin meýilnamalar babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygy bellenildi. Giň gerimli taslamasy durmuşa geçirilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän bu üstaşyr-ulag geçelgesiniň ulanmaga berilmegi diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde Hökümetara türkmen-gazak toparyna, şeýle hem bilelikdäki Işewürler geňeşine uly orun berilýär. Bu geňeşi döretmek hakynda Ylalaşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ulgamyň möhümdigini bellemek bilen, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, gazak kärdeşine apreliň üçünji ongünlüginde Gazagystanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagy arzuw etdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow