Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi
Çap edildi 23.04.2015
1306

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň hökümet ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, şol sanda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-italýan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň hökümet we döwlet Baştutanlaryna mähirli sözlerini aýtdy.Şeýle hem milli Liderimiz Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň möhüm ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ähli ulgamlarda, şol sanda iki ýurduň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy hasaplanylýan oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO -2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan netijelerini hem-de üstünliklerini açyp görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem serginiň barşynda azyk önümleriniň önümçiligi hem-de onuň eksporty bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Aşgabatda türkmen-italýan işewürlik forumynyň geçirilmegi, oňa döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ýöriteleşdirilen iri italýan kompaniýalarynyň onlarçasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy däp bolan hyzmatdaşlygy körugurly esasda ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň aýdyň subutnamasydyr. Myhmanyň belleýşi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ägirt uly serişde gorlaryna, ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan Italiýanyň işewürler topary üçin uly gyzyklanma eýe bolup durýar. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän ygtybarly kanunçylyk binýady Italiýanyň işewürleri we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has-da özüne çekijidir. Işewürlik maslahatynyň maksatnamasynda Italiýanyň işewürleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralyrynyň wekilleri bilen duşuşyklary göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, iň esasy bolsa özara peýdaly gatnaşyklaryň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar. Italiýanyň oba hojalyk ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy türkmen halkynyň ajaýyp ahalteke bedewlerine bolan ägirt uly söýgüsini, hormatyny alamatlandyrýan we her ýylda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol Italiýada hem ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň köpdügini aýtdy. Myhman daşary ýurtlardan dabara gatnaşmak üçin 500-den gowrak wekil çagyrylan bu şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň gerimine haýran galmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we oňyn ösüş ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyga Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marko Mançini gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow