Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip
Syýasy habarlar
Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip
Çap edildi 23.04.2015
1219

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda bolar. Şol gün bu ýerde Birinji jahan urşunyň barşynda ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen Çanakgala (Dardanel bogazy) söweşiniň gahrymanlarynyň ýadygärliginiň hormatyna dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda okgunly ösýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeliligi köp babatda iki halkyň taryhy-medeni gatnaşyklary we ruhy umumylygy bilen berk baglaşan doganlyk halklaryň özara düşünişmeginiň we ynanyşmagynyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan we Türkiýe köp asyrlyk doganlyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezip, bilelikdäki işiň baý tejribesini, milli ykdysadyýetleriň ägirt uly kuwwatyny we üstünliklerini nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär edýärler. Umumy taryha we däp-dessurlara eýe bolmak bilen, ýurtlaryň ikisi hem täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim we ylym ýaly möhüm ulgamlarda täze many-mazmuna eýe bolan gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri Türkmenistanda hem-de Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, Medeniýet günleri we iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri yzygiderli geçirilýär, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň pikirine görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasy we ykdysady ösüşiň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy ýa-da laýyk gelýänligi Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde parahatçylygy we özara duşunişmek ýagdaýyny üpjün etmekde, olaryň halkara bileleşiginiň bu ugurda edýän köptaraplaýyn tagallalaryna oňyn täsirini ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Türkiýe abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýkdyasydy Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde ylalaşykly hereket edip, syýasy, ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr we beýleki meseleler boýunça birek-biregiň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýarlar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna şu sapary taraplaryň ikisiniň hem häzirki döwürde diňe bir özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy we hoşniýetli goňşçulygy pugtalandyrmaga ýardam edýän köpasyrlyk dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow