Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 29.06.2015
1184

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bagt, uzak ömür we ähli asylly başlangyçlarynda täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda ösüşinde hil taýdan täze depgine eýe bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady. Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de dürli pudaklarda netijeli özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň halklarynyň arasynda gadymy dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ornuny nygtadylar. Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetli wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmen Lideri şu ýylyň ýurdumyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen alamatlanandygyny aýdyp, Ermenistan Respublikasynyň Baştutanyny bu şöhratly senä bagyşlanan Halkara maslahatyna çagyrdy. Telewon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan iki tarapyň hem hoşniýetli erkine, özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Hoşlaşanlarynda iki ýurduň Liderleri birek-birege saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar. Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow