Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
06.08 2015
Stambul, 6-njy awgust (TDH). Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşyk milli Liderimiziň “Çiragan Palaсе” kaşaň myhmanhanada ýerleşen kabulhanasynda geçirildi.
06.08 2015
Bişkek, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady.
06.08 2015
Aşgabat, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginde hakyky taryhy ähmiýetli waka boldy—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanyldy.
05.08 2015
Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
05.08 2015
Men öňi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň täze many - mazmuna eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Dostlukly we birek-birege düşünişmek esasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler örän netijeli boldy. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirdi.
05.08 2015
Sag boluň, hormatly Prezident, men ozaly bilen siziň ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Şeýle hem biziň şu gezekki saparymyzyň hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge ygrarlydygymyzyň alamaty hasap edýärin.
05.08 2015
Men size, siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin hem-de mähirli kabul edilendigimiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin hem-de siziň geçen ýylyň güýzünde biziň ýurdumyza bolan resmi saparyňyzy mähirli duýgular bilen ýatlaýaryn.
05.08 2015
Bişkek şäherindäki “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlansoň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikleriň jemlerine garaldy.
05.08 2015
Giiňşleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanan soň, “Ala-Arça” Döwlet kabulhanasynda hormatly Prezidentimiziň Gyrgyzystana bolan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Metbugat maslahatlary zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
05.08 2015
Bişkekde geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler ik ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümden dowam etdirildi. Gepleşikler “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Gyrgyzystanda başlanan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
834 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara