11.04
2015
Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
10.04
2015
11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.
09.04
2015
Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerinirň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatiki işini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut — Wolfgang Bretti kabul etdi.
08.04
2015
Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji güni Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.
07.04
2015
Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timoftiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
06.04
2015
Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Ol Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde guraldy.
06.04
2015
7-nji aprelde Aşgabada ýokary derejedäki türkmen-moldowan gepleşikleri geçiriler. Olara gatnaşmak üçin düýn agşam ýurdumyza Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti geldi.
06.04
2015
Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sport ulgamynyň täze desgalary açyldy. Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň hem-de “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli özgertmeleriň baş maksadynyň halkyň abadan durmuşy, ýaş nesilleriň, raýatlaryň her biriniň mümkinçiliginiň açylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.