Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Syýasy habarlar
Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Çap edildi 24.08.2015
1234

Türkmenbaşy, 24-nji awgust /TDH/. Şu gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 25-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hazaryň kenaryndaky şäheriň halkara howa menzilinde Bolgariýanyň Premýer-ministrini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden myhman Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menziline ugrap, Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, döwrebaplaşdyrylyşynyň barşy, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylyşy we geljegi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda “2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda täze döwrebap deňiz menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Taslamada ýük hem-de ýolagçy, konteýner we beýleki terminallar göz öňünde tutulýar. Üstaşyr ýükleri kabul etmek we saklamak hem-de eksport-import amallary ýerine ýetirmek üçin ammarlary bolan döwrebap logistika merkezi dörediler. Mundan başga-da, bu ýerde gämi gurluşyk zawody, ýolagçy deňiz menzili we beýleki desgalar bina ediler. Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministiri Boýko Borisow deňiz menzilinden Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugrady. Bu ýerde mertebeli myhman üçin ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň naýbaşy zawody bilen tanyşydyryş çäresi guraldy. Zawodda dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanylýan nebit önümleri ýokary okdanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzini, uçarkerosini, suw bilen arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, tehniki çalgy ýaglarynyň köp görnüşleri öndürilýär. Bolgariýanyň hökümet baştutany Boýko Borisow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolmagynyň barşynda kärhananyň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Soňra Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň awtoulag kerweni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda özi üçin niýetlenen “Berkarar” myhmanhanasyndaky kabulhanasyna geldi. Şol gün myhman Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada uçdy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministrini resmi adamlar garşyladylar. Ýola goýlan asylly däbe görä, duz-çörek hödür edilip, gül desseleri gowşurylyp, mertebeli myhmana hemme hormat bildirildi. Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow howa menzilinden sapar mahalynda özüne bölünip berlen kabulhanasy ýerleşjek ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow