Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen
Syýasy habarlar
Türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen
Çap edildi 23.08.2015
1231

Şu gün, 24-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutanynyň iki günlük saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy şäherine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman Halkara deňiz portunyň gurluşyk meýdançasyna baryp görmegi hem-de sebitde iri senagat kärhanasynyň -- Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen tanyşmagy göz öňünde tutýar. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikler iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň ugry hem-de türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen soňky ýyllarda giňelen gatnaşyklarynyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmegi ugur edinýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat eder. Bolgariýanyň hökümetiniň baştutanynyň sapary -- özygtyýarly türkmen döwletiniň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan giň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýola goýlan netijeli türkmen-bolgar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň we ozaly bilen döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji awgustda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ähli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Hususan-da, iki ýurduň geografik aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ulag ulgamynda, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde köpugurly üstaşyr – ulag düzümini döretmek babatda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana (2008-nji ýylyň dekabrynda) we Türkmenistanyň Prezidentiniň Bolgariýa (2009-njy ýylyň awgustynda) amala aşyran resmi saparlarynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar türkmen-bolgar hyzmatdaşlygy üçin täze sepgitleri açdy. Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň duşuşygynyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga uly üns berler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bolgar toparynyň işi şol gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar. Şol gatnaşyklar iki ýurduň dostlukly halklaryna müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý medeni tejribeleri we däpleri yzygiderli alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow