05.06
2015
Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň 5 aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy.
03.06
2015
Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň uly wekiliýetine Wengriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary doktor Laslo Sabo ýolbaşçylyk edýär.
02.06
2015
Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
29.05
2015
Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
28.05
2015
Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary!
Hormatly adamlar!
Geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar öz işine başlady. Biz şu gün bu Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirýäris.
28.05
2015
Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny dünýä ülňülerine, döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi. Bu ugurda görülýän çäreler öz oňyn netijelerini berýär.
28.05
2015
Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
27.05
2015
Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi.
26.05
2015
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň senagatynyň ähli pudaklary, şol sanda elektroenergetika pudagy çalt depginler bilen ösýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy bolsa eýýäm ýakyn geljekde onuň kuwwatlyklarynyň ençeme esse artjakdygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär.
26.05
2015
Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary boýunça ýörite wekili Mohammad Şaker Kargary kabul etdi.