Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil ulag birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil ulag birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.11.2016
1246

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Halkara awtomobil ulag birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Umberto de Prettony kabul etdi. Iri halkara guramasynyň baştutany ýüzbe-ýüz duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Türkmen tarapynyň öňe sürýän başlangyçlary hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça guralýan halkara forumlary hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar, ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyk şol ugurlaryň biri bolup durýar. Myhman türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän, dünýäniň onlarça halkara guramalarynyň we ýurtlarynyň wekilleri çagyrylan şu gezekki Aşgabat maslahatynyň uly ähmiýetini belläp, BMG-niň howandarlygy astynda geçirilýän iri maslahatyň bu strategiki ugurda oňyn gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda täze möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ulag düzüminiň ýokary wezipeli wekilini mähirli mübärekläp we şu ählumumy forumy taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň soňky ýyllarda IRU bilen Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ulag-üstaşyr ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda sebit we yklymüsti ähmiýetli häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösen ulgamyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, muňa kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän uzakmöhletleýin milli maksatnamalar hem şaýatlyk edýär, olar ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň öňe süren “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly kararnamasy özygtyýarly Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup çykyş edýär, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan ähli döwletler tarapyndan goldanyldy we biragyzdan kabul edildi. Bu kararnamada durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky başlangyç ilkinji gezek resmi taýdan tassyklanylýar, ol halkara ulag geçelgelerini döretmek hem-de ulanmak, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özünde birleşdirýän köp şahaly ulag ulgamynyň kemala getirilmegi üçin şertleri döredýär. Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň prezidenti jenap Umberto de Pretto hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, şu gezekki wekilçilikli maslahatyň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdiler, diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durnukly ösüşi üçin has amatly gurşawy döretmek onuň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow