Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Efiopiýanyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Efiopiýanyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 24.11.2016
1328

Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobeze Worknehden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasynda däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de tutuş türkmen halkyna hoşniýetlilik we abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat parahatçylyk söýüji syýasaty hem-de ösüşlere beslenen başlangyçlary bilen uly halkara abraýyna mynasyp bolan Bitarap Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi bolmagy hormat hasaplaýandygyny nygtady we iki döwletiň üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegi üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda myhmana Türkmenistanyň içeri we daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan uly durmuş-ykdysady özgertmeler, iri möçberli taslamalar, şol sanda baş maksady türkmenistanlylaryň, sebitiň halklarynyň abadançylygyny gazanmakdan ybarat bolan transmilli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwletimiziň yzygiderli ösüşine, dünýäniň ykdysady we maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna, durmuşyň hemme ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam berýän bilim we ylym ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn üns berildi. Efiopiýanyň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi, halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tejribesi bilen-de tanyşdyryldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hem-de syýahatçylyk we sport hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. *** Şu gün Efiopiýanyň doly ygtyýarly wekili Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde döwrüň ýagdaýlaryna hem-de özara bähbitlere kybap gelýän türkmen-efiopiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alşyldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow